ZENAN MERTEBESI-AHLAK GÖZELLIGI

Ýaňy ýakynda Dänew etrabynyň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň  Lebap welaýatynyň Dänew etrap bölümi, etrap häkimligi, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde gurnamagynda etrabyň edara-kärhanalarynda, zähmet çekýän aýal-gyzlaryň gatnaşmagynda zenan edebi we mertebesi, ony gorap saklamak, nesil terbiýesi, ruhy-ahlak ýörelgelerimiz barada düşündirmek maksady bilen, «Zenan mertebesi-ahlak gözelligi» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler ýurdumyzda enelere hormat goýmakda, gelin-gyzlarymyzy döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan uly ähmiýetli işlerde zenanlaryň tutýan ornunyň hem belentdedigi barada aýdyp müňýyllyklaryň dowamynda has ýokary derejä galan milli  mukaddeslikleri gorap saklamagy we türkmen gelin-gyzlaryna mahsus bolan päklik, arassalyk, halallyk, wepalylyk ýaly gylyk-häsiýetleri dowam etmekligi belläp geçdiler. Mynasyp nesil terbiýesi biziň rowaçlyklarymyzyň gözbaşynda duran zenanlarymyzyň boýnuna düşýän esasy borçlaryň biridir. Edep-ekram mekdebi bolan zenanlarymyz, gyz-gelinlerimiziň edep-terbiýesiniň ähmiýeti dogrysynda geçirilen bu duşuşyk netijeli ähmiýete eýe boldy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Melike ROZYÝEWA,

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýatynyň Dänew etrap

Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA SYÝASATY DABARALANÝAR

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA ARASSAÇYLYGY ÝURDUŇ BEZEGI

03 Iýun 2025 | 32 okalan

ÇAGA GÜLKÜSI – BAGT GÜLKÜSI