«EL HÜNÄRI IL GEZER»

Türkmençilikde «Könesi bolmadygyň, täzesi bolmaz» diýilýär. Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp, biz geljekki nesillerimizi asylly däp-dessurlarymyzyň üsti bilen terbiýelemelidiris. Türkmen halkynyň çuňňur, baý medeni mirasy bar. Ýaş nesilleriň terbiýesinde-de milli gymmatlyklaryň orny uludyr. Ene-mamalarymyzyň görüm-göreldesi bilen, köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli mirasymyz, däp-dessurlarymyz döredijilikli ösdürilip, eli hünärli gyz-gelinler tarapyndan biziň şu günlerimize ýetirilipdir. Dünýäniň ähli gözellikleri, mukaddeslikleri enäniň ruhy dünýäsinde ýerleşýär. Ol tebigatyň beýleki gözellikleri, baýlyklary ýaly göze görünmeýär, çünki ol iň mukaddes duýgy hasaplanylýar. Eziz enäniň ruhy dünýäsiniň döreden sungaty kalpdan-kalba, nesilden-nesle geçip, älemde müdimilik yz galdyrýar. Dürli-dürli nagyşlarymyz gadymyýetden bäri gelin-gyzlar tarapyndan keşdelenip, biziň döwrümize gelip ýetipdir. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşi, Türkmenabat şäher häkimligi, Lebap welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde gurnamagynda zenanlarymyzyň arasynda «El hünäri il gezer» ady bilen el-işleri boýunça çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda türkmen halkynyň uzak taryhyndan habar berýän, ene-mamalarymyzdan miras galan dürli el işleri gyz-gelinlerimize nusgalyk bolup dowam edip gelýändigi, gelin-gyzlarymyzyň ýürek arzuwyndan, on barmagynyň hünärinden dörän el işleri türkmen zenanlarynyň durmuşyny, dünýäsini bezemek bilen onuň kalbyna gözellik çaýýandygy barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Gülşat ÇARYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Türkmenabat şäher Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA SYÝASATY DABARALANÝAR

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA ARASSAÇYLYGY ÝURDUŇ BEZEGI

03 Iýun 2025 | 32 okalan

ÇAGA GÜLKÜSI – BAGT GÜLKÜSI