Ýaňy-ýakynda Lebap welaýatnyň Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda 2025-nji ýylyň şygarynyň many-mazmunyny wagyz etmek, dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatnyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň gurnamagynda ‹‹Parahat ýollarda şamçyragymyz-Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly gahryman serdarymyz!›› atly dabaraly maslahat geçirildi. Aýdym-sazly dabara il ýaşulysy-kümüş saçly enelerimiz, bilim we medeniýet ulgamlarynda zähmet çekýän ýaşlar hem-de ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda edilen çykyşlarda ýurdumyzyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, hormatly Prezidentimiziň bütin dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda üstünlikli alyp barýan hem-de dünýä jemgyýetçiliginde giňden goldanylýan içeri we daşary syýasaty dogrusynda giňişleýin hem-de buýsançly bellenildi. Şeýle hem ýurdumyzda ýaş nesilleriň bagtyýar geljegi ugrunda alyp barýan ägirt uly özgertmeleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Leýla AMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat
Geňeşiniň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.