ARZUWLARYŇ BAÝRAMY

Gahryman Arkadagymyzyň ak ýollaryň dowamy bolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eşretli günleri başdan geçirýän türkmen halkymyzyň toýlary goşa-goşadan gelýär. Toýlary toýa ulaşýan asuda ýurdumyzda uludan toýlanýan baýramlaryň biri-de Täze ýyl baýramydyr. Bütin durkuň bilen bagtly pursada garaşylan günler neneňsi bagtyýar, neneňsi şatlykly. Her bir maşgalada Täze ýyl baýramçylygy şatlyk-şowhun bilen toýlanýar. Haýsy öýe baryp, bosagasyndan ätleseň, öýüniň içinde al-ýaşyl öwüsýän, jäjekler bilen bezelen arça, gözüňi gamaşdyryp barýan zerlere gözüň düşýär.

Täze ýyl! Oňa biziň ählimiz gör, nähili sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Täze ýyl diýlende täze zatlaryň göz öňüňe gelmegi ýöne ýerden däl. Çünki täze diýlen söz ynsanda täzeleniş duýgusyny oýarýar. Täze ýyl öz ýany bilen diňe täze arzuwlary getirýär. Täze sowgat, täze arzuw, täze bagt, täze durmuş...

Mahlasy, her bir ynsan mydama täzelenişiň arzuwynda ýaşaýar. Kerwen gurap gelip-geçýän ýyllaryň aýlanyp, ýene-de täzelenip gelmegi adamlar üçin hasam begençli. Täze ýyl baýramçylygynyň gelmegine her bir adam täze garaýyş, täze pikir bilen howlugýar. Süýji arzuwlar her kimiň kalbyna ornaşýar. Sebäbi biz batly depginler bilen öňe barýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň hasam rowaçlanjak, belent sepgitlere ýetjek 2018-nji ýylyna gadam basýarys.

Ösüş-özgerişlere beslenen 2017-nji ýylymyz bilen hoşlaşyp, täze 2018-nji «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylymyzy uly ruhubelentlik bilen garşy alarys. Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitlerinden ugur alýan her bir tutumlary diýseň buýsandyryjy. 2017-nji ýylda türkmen halkymyzyň durmuşynda birnäçe şatlykly, täsirli, ýatdan çykmajak pursatlar boldy.

Täze ýyl baýramçylygy hemmelere söýgi, mähir paýlaýar. Çünki bu baýram — arzuwlaryň baýramy. Täze ýyl baýramynda her kimiň ýürekleri arzuwdan, mähir-muhabbetden, täze maksatlardan doly.

Bagtdan paýly, bagtyýar durmuşda ýaşaýan Watanymyzyň röwşen eýeleri bolan ýaşlar barada gije-gündiz alada edýän, olaryň halal zähmetine mynasyp baha berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan beýik işlerinde rowaçlyk arzuw edýäris!

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda mydama asudalyk höküm sürsün! Her bir maşgalada gülki sesleri aýdym bolup ýaňlansyn! Ýetip gelýän Täze ýylyňyz gutly bolsun!

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

“Nesil” gazeti,

23.12.2017ý.

Meňzeş habarlar