ARKADAGLY DIÝARA BAGT GETIR SEN, TÄZE ÝYL!

Arkadag Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda 2017-nji ýyly uly üstünliklere, şan-şöhrata beslän halkymyz Täze ýyla — it ýylyna uly ruhubelentlik bilen gadam goýýar. Tamamlanýan ýyl türkmenistanlylaryň durmuşynda rysgal-bereketli ýyl boldy. Nesip bolsa, 2018-nji ýyl hem ýurdumyz üçin uly ösüşleriň, täze üstünlikleriň we beýik maksatlara tarap bedew batly ösüşiň, rysgal-berekediň ýyly bolar.

Ýer ýüzünde şatlyk-şagalaň bilen bellenilýän seneleriň biri-de Täze ýyl baýramçylygydyr. Bu ajaýyp şowhunly baýramçylyk eziz Watanymyzda hem ýagşy arzuw-umytlar bilen garşylanýar. Täze, 2018-nji ýyla bagyşlanan dabaralaryň, şatlyk-şowhunlaryň ýurdumyzyň ähli ýerinde giňden ýaýbaňlandyrylmagy munuň şeýlediginiň alamatydyr.

Şeýle ajaýyp günlerde edara-kärhanalarda, jemgyýetçilik guramalarda, bilim-terbiýeçilik edaralarynda, medeni ojaklarda geçirilýän baýramçylyk duşuşyklary hem Täze ýylyň şowhunyny has-da artdyrýar.

Ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda paýtagtymyzdaky Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al-Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgünde «Arkadagly Diýara bagt getir sen, Täze ýyl!» atly geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi ýatdan çykmajak ýakymly pursatlara baý boldy.

Şatlyk-şowhuna beslenen baýramçylyk dabarada çagalaryň ýürekden çykan aýdym-sazlarynda, okap beren goşgularynda, ak arzuwlarynda ata Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, gözel tebigatymyza bolan egsilmez mähir hem söýgi bar. Kalby şatlykdan doly çagalar özlerine bagtyýar döwri peşgeş beren eziz Arkadagymyza egsilmez alkyş aýdýarlar.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşan bagtyýar çagalaryň ählisine hormatly Prezidentimiziň adyndan täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.

Kalby şatlykdan doly çagalar hakynda çäksiz alada edýändigi we olara bolan beýik söýgüsi üçin dabara gatnaşanlar mähriban Arkadagymyza alkyşlaryny, ýüreklerinde besleýän arzuwlaryny beýan etdiler hem-de halkymyz üçin, Watanymyzyň ösüp gelýän ýaş nesilleri üçin, adamzadyň abadançylykly ýaşaýşy üçin beýik işleri bitirýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan beýik tutumly işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

“Nesil” gazeti,

26.12.2017ý.

Öňki makala

ARZUWLARYŇ BAÝRAMY

Indiki makala

ARZYLY ÝYLYŇ ÝALKYMY

Meňzeş habarlar