Halk ykbalyny özgerden ajaýyp zamanamyzyň her bir güni, her bir aýy, her bir ýyly taryhyň altyn sahypalaryna zerden ýazylýar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda garşylaýan günlerimiziň gözel pursatlary bagtyýarlygyň bagt şuglasy bolup, durmuşymyza özboluşly täsirini ýetirýär. Garşy alan her bir ýylymyzyň ýatdan çykmajak ýakymly pursatlara beslenmegi we merdana milletimiziň milli mertebesini belende götermegi, gönüden-göni ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini alamatlandyrýar. Garaşsyzlyk ýyllarynyň ýyl ýazgysyny bezeýän 2017-nji ýylyň hem şeýle rowaçlyklara beslenmeginde milli Liderimiziň öňde goýan beýik maksatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilendigini subut edýär. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eden arzuwlarynyň wysalyna ýetiren bu ýyllaryň gadyr-gymmaty, ýaşaýyş-durmuşymyzda galdyran täsiri hiç wagt unudylmaz. Sebäbi adatdakylar ýaly, bu ýylyň hem biri-birinden owadan pursatlary, ajaýyp wakalary biziň her birimiziň ykbalymyza öz täsirini ýetirdi. Has takygy, 2017-nji ýylyň fewralynda geçirilen iri jemgyýetçilik-syýasy waka Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilip, eziz Arkadagymyz ýurt Baştutanlygyna ählihalk tarapyndan nobatdaky gezek saýlandy. Il alkyşly, beýik maksatly Gahryman Arkadagymyzyň döwlet syýasatynyň örän oýlanyşykly hem ýokary derejeli durmuşa geçirilmegi netijesinde bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty artyp, syýasy abraýy we medeni derejesi belende göterildi. Agzybir halkymyzyň jebislikde hem bitewülikde milli Liderimiziň daşyna berk jebisleşip ýeten arzyly menzilleri bolsa şu ýyldaky has iri waka — türkmen paýtagtynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýeňişli jemlenmegine getirdi. Türkmen türgenleriniň bu ýaryşlar döwri ýeňiş gazanyp, Watan tuguny belende götermekleri, yklymyň sport çäresiniň şowly hem kämil guramaçylykly geçirilmegi Diýarymyzyň at-abraýyny, sport mümkinçilikleriniň gerimini has hem artdyrdy. Halkymyzyň halkara tejribesini ýokarlandyrmakda, türkmen paýtagtynyň şertlerini açyp görkezmekde we milli medeniýetimizi dünýä ýaýmakda ähmiýetli bolan bu uly waka bütin Diýarymyza öz netijeli täsirini ýetirdi.
Bu ýylda Zeminiň paýhas gatlagyna, halkymyzyň aňyýetine we ruhy ösüşine goşant bolan Arkadag Prezidentimiziň birnäçe kitaplary hem çapdan çykdy. Şa galamynyň eserlerini ele almak bagtyny dowam eden bu ýylyň özünde «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Sport dostluga saglyga we gözellige tarap ýoldur», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýaly kitaplary, taryhy nukdaýnazarly ylmy we pelsepewi mazmunly syýasy çykyşlary bilen nesilleriň aňyýetini, medeniýetlilik derejesini artdyran Gahryman Arkadagymyzyň sahawat sowgatlary sanardan kän.
Ähli ulgamlary bir bitewülikde galkyndyran milli Liderimiziň syýasy özgertmeleri, ykdysady täzelikleri we gumanitar çözgütleri oňyn durmuşa geçirilip, halkymyzyň hal-ýagdaýy hasam ýokarlandy. Durmuş üpjünçiligi kämilleşdirilen raýatlaryň zähmet we dynç alyş şertleri döwrebaplaşdyryldy.
Daşary syýasatda hem-de halkara gatnaşyklarynda amala aşyrylan köpugurly gazanylanlar Türkmenistan döwletimiziň dünýä jemgyýetçiligindäki ornuny has-da pugtalandyryp, merdana milletimiziň milli mertebesi belende göterildi.
«Ýylyň ýyldan parhy köp» diýlişi ýaly, geçen ýyllar bilen deňeşdirilende ähli ugurlarda uly ösüşlere eýe bolan Watanymyzyň medeni kuwwaty ýokarlandy. Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň galkynýan döwründe milli gymmatlyklarymyz has içgin öwrenilip, onuň umumadamzat hazynasyndaky ähmiýeti artdyryldy. Şanly seneler we milli baýramlar mynasybetli guralýan medeni-köpçülik çäreleriniň üstünlikli geçirilmegi, nesilleriň aňyýetine we milli ösüşine täsir etmek bilen onuň jemgyýetimizdäki orny düýpli berkidildi. Täze medeniýet öýleri we medeni dynç alyş seýilgähleriň ençemesi açyldy. Medeni ylymlaryň we bilim ulgamynyň sazlaşykly gazananlary netijesinde ylmy işgärleriň we medeniýet işgärleriniň täze nesli kemala gelýär. Olaryň alyp baran işleri netijesinde «Küştdepdiniň» ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy hem muny dolulygy bilen tassyk edýär.
Ýaňy-ýakynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerinde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň Döwlet maksatnamasy hem kabul edildi.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen 2017-nji ýylyň başynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýanynda Türkmenistanyň Ýaş alymlar Merkezi açyldy. Mähriban Arkadagymyzyň ak patasy bilen açylan bu merkeziň garamagynda bilim-terbiýeçilik edaralarynda we ylym ojaklarynda ýaş alymlar Geňeşleri döredildi. Bu bolsa ýaş alymlaryň ylmy barlaglaryny we täze gözleglerini netijeli alyp barmaga şert döredip, olaryň döwlet tarapyndan gollanylýandygyny alamatlandyrýar.
Ýylyň arzyly wakalarynyň şeýle uly sepgitler bilen bezelmegi bolsa ýaş nesillerimiziň hem sagdyn ösüşine mynasyp itergisini berýär. Şoňa görä-de Türkmenistanyň Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020- nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyna we Meýilnamasyna laýyklykda hem işler mynasyp derejede alnyp barylýar. Ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek we olaryň döwrebap garaýyşly raýatlar bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen iri jemgyýetçilik çäreleriniň ençemesi geçirildi. Degişli bäsleşikler döwlet derejesinde guralyp, ýaşlaryň zehinli we dürli ugurlar boýunça ukyp-başarnyklary ýüze çykaryldy hem-de olar täze üstünliklere höweslendirildi. Her ýylda geçirilmegi däbe öwrülen Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda guralýan ylmy işler boýunça bäsleşigiň bu ýylky tapgyrynda ýaş alymlaryň onlarçasynyň ylmy işleriniň seçilip alynmagy, zähmetde we döredijilikde tapawutlanan öňdebaryjy ýaşlaryň we ýaşlar toparynyň Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen hormatly atlara mynasyp bolmaklary, döwlet derejesinde ýaş alymlaryň täze nesliniň oýlap tapyşlarynyň we ylmy işleriniň netijelerini şöhlelendirýän serginiň we ylmy maslahatynyň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem şu ýylda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek boýunça Pudagara topary döretmek hakyndaky» Karara gol çekmegi hem ýaşlaryň ykbalyny galkyndyran şanly waka öwrüldi. Çünki ýaşlaryň bilimliligini we hünär sowatlylygyny hem-de olaryň mynasyp iş orunlarda zähmet çekmegini gazanmak türkmen jemgyýetiniň geljekde uly ösüşlere ýetmegine şertleri döredýär.
Raýatlaryny «Döwlet adam üçindir!» diýen arzyly şygary bilen ak ýollardan bagtly geljege tarap alyp barýan adyl Arkadagymyzyň saýasynda geljek 2018-nji ýyl — «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýyly uly üstünliklere beslener.
Goý, Täze ýylda baky Bitarap döwletimiziň abraý-mertebesi belende göterilsin! Halkymyzyň rysgal-berekedi artyp, eşretli durmuşy dowamat dowam bolsun!
Arşdan ýalkawly, Zeminden sarpaly türkmen halkyny, ýaş nesilleri bagtly durmuşda ýaşadyp, geljegiň hem bagt daňyna atarýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy belent, beýik işleri hemişe rowaç bolsun!
Soltangeldi BABAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy.
“Nesil” gazeti,
30.12.2017ý.