TÄZE ÝYLDA — TÄZE GADAMLAR

Bilşimiz ýaly, geçen ýyl ähli türkmen raýatlarynyň ykbalynda ýatdan çykmajak arzyly wakalar, şanly seneler bilen jemlendi. Hut bu guwançly hem buýsançly pursatlar ýaş nesliň wekilleriniň hem ykbalyny bezedi. Türkmenistan döwletimiziň barha kuwwatlanýan syýasy, medeni we ykdysady ösüşlerine önjeýli goşantlaryny goşýan ýaş raýatlaryň Täze ýylda hem juwanlyk gujury bilen mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna tüýs ýürekden ynanýarys. Täze ýyla ak arzuwlar hem ýagşy adatlary bilen gadam basan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleriniň gürrüňlerinden hem muňa aýdyň göz ýetirmek mümkin.

Amangeldi SAPARMUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Merkezi Geňeşiniň esasy hünärmeni:

— Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistanyň taryhynda ýene-de bir täze sahypa açyldy. Asyra zynat boljak Täze ýylyň ilkinji günleri göwün göteriji wakalar bilen badalga aldy. Bu pursatlar biz — ýaşlaryň ykbalyna hem öz täsirini ýetirýär. Ýurdumyzda ýaşlar bilen geçirilýän jemgyýetçilik işler Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän guramamyzda hem bu ýylda-da ýörite meýilnama esasynda üstünlikli durmuşa geçiriler. Ýerli Geňeşlerimiziň we işjeň agzalarymyzyň birleşen tagallalary esasynda ýaş raýatlaryň durmuşyna degişli medeni-köpçülikleýin işleri, jemgyýetçilik başlangyçlary boýunça dürli çäreler geçiriler. Sanlyja günlerden bolsa Täze ýyl baýramynyň täsirlenmelerini artdyrjak waka — ýurdumyzda okuwda we döredijilik dünýäsinde tapawutlanan zehinli çagalaryň onlarçasyna Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy gowşurylar. Her ýylyň ilkinji günlerinde gowşurylmagy we çagalaryň geljege höweslendirilmegi ugrunda örän ähmiýetli bolan bu çäre diňe mekdep okuwçylary üçin däl-de, olaryň ene-atalary, maşgalalary, deň-duşlary we dost-ýarlary üçin hem juda täsirlidir. Ýaşlara bagt paýlap gelen 2018-nji ýyl durmuş üstünliklerine, maşgala ojaklara bol berekedini eçilsin. Türkmen ýaşlarynyň ähli ugurda zähmet çekip, ukyp-başarnygy bilen jan Watanymyzyň gülläp ösmegine goşant goşmaklary üçin ähli zerur şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, sahawatly tutumlary ugruna bolsun!

Resul BAÝRAMOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Baýramaly şäher Geňeşiniň başlygy:

— Bilşimiz ýaly, geçen ýyl ähli ugurlarda bolşy ýaly, türkmen ýaşlarynyň durmuşynda hem örän arzyly ýyllaryň biri boldy. Türkmenistan döwletimiziň abraý-mertebesiniň göterilen ýyllarynyň biri hökmünde taryha giren 2017-nji ýyl üstünlikler bilen jemlendi. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünliki durmuşa geçirmekde we türkmen ýaşlaryny maksada okgunly, zähmetsöýer, watansöýüji, ynsanperwer adamlar edip ýetişdirmek ugrunda alnyp barylýan jemgyýetçilik işlerinde göwnejaý netijeler gazanyldy. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny amala aşyrmakda bellenen sepgitlere ýetildi. Bu bolsa gönüden-göni mähriban Arkadagymyzyň tagallalary bilen wysal bolup, döreden mümkinçilikleri netijesinde amala aşyryldy. Parasatly ýurt Baştutanymyzyň saýasynda şatlyk-şowhun hem-de ýokary guramaçylyk derejesinde garşy alan 2018-nji ýylymyz hem rysgal-bereketli, şowly-şowhunly ýyllaryň biri bolar. Wepadarlygyň hem gaýduwsyzlygyň, üşükliligiň hem dostlugyň häsiýetlerini özünde jemleýän it ýylynyň ajaýyp pursatlar bilen gelendigine tüýs ýürekden begenýäris. Uly ynam hem-de täze güýç bilen gadam basan ýylymyzda ähli türkmen ýaşlaryna we eziz ildeşlerimize halal zähmet çekip, ata Watanymyzy gülledip ösdürmäge goşýan goşantlarynda diňe abraý hem rowaçlyk ýaran bolmagyny arzuw edýäris. Bizi baky bagta, sowulmaz ýaza ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy belent, bütin dünýäniň öňünde arşa galan şan-şöhraty ebedi bolsun!

Nursoltan KADYROWA,

Kerki etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň mugallymy,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzasy:

— Uly dabara bilen bellenilip geçilen Täze ýyl baýramçylygynyň täsirli joşgunyndan ylhamlanyp, öz ülkäňde şeýle günleriň şaýady bolmak, gör, nähili ýakymly. Billerimize kuwwat, gollarymyza gujur, zehinlere ýitilik, ojaklara rysgal-bereket bagyşlap gelen bu ýyl hem milli bilim ulgamynda-da öňegidişlikleriň, täze başlangyçlaryň ýüze çykyp, okuwçylarymyzyň bilim derejesiniň ýokarlanmagyna täsir eder. Häzirki günlerde mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Şol sebäpden hem Täze ýylyň ilkinji günlerinde biziň okuwçylarymyz eziz Arkadagymyzyň nesiller üçin döreden mümkinçiliklerinden peýdalanyp, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde dynç alýarlar. Öz welaýatymyzdaky çagalar merkezlerine, Gökderedäki dynç alyş künjegine barýan mekdep okuwçylary Täze ýylyň ajaýyp pursatlaryna uly joşgun bilen girişýärler. Biz — ýaş bilim işgärleri bolsa, bu döwürde okuwçylaryň nobatdaky çärýegine iş-tejribelerimizi artdyrmak bilen taýýarlanyp, nesillerimiziň kämil sowatly bolmagyny, edep-terbiýeli adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak üçin işlerimiziň depginini hasam ýokarlandyrarys. Ýurdumyzyň ähli bilim-terbiýeçilik işgärleri üçin, bir başa bakýan agzybir ilimiziň abadan ýaşaýşy üçin ummasyz işleri amala aşyrýan mähriban Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys.

Ýazga geçiren Ysmaýyl MUHAMMETDURDYÝEW,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzasy.

“Nesil” gazeti,

04.01.2018ý.

Meňzeş habarlar