Ýakynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň, etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda etrabyň Janahyr medeniýet öýünde hoşallyk maslahaty geçirildi.
Hoşallyk maslahatynda Monte-Karlo şäherinde 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan ýeňişleri mynasybetli Arkadag şäherinde guralan dabaraly çäreler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Gahryman Arkadagymyzyň, hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan uly möçberde pul sowgatlarynyň gowşurylmagy, milliligimize edilýän hormatdan, sylagdan nyşandyr.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan bolsa, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezine 10 günlük dynç alyş ýollanmasy, sport egin-eşikler toplumy, döwrebap tehnologiýalary özünde jemleýän enjamlary toplumy, ajaýyp türkmen halysy sowgat hökmünde gowşurylmagy bolsa biz ýaşlary has-da begendirdi.
Watanymyzyň täze taryhy döwründe milli ýol-ýörelgeleriň dabaralanmagy, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, kämil bilimli, watansöýüji nesliň kemala gelmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!
Güljahan GARAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.