Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Türkmenbaşy şäheriniň «Çarlak» myhmanhanasynda Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan üstünlikleri dogrusynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Geçirilen söhbetdeşlikde häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ahalteke bedewlerimiziň şan şöhratyny has-da belende götermek, olaryň baş sanyny artdyrmak ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işler dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi. Sungatyň dürli ugurlary bilen bir hatarda, milli sirk sungatynyň ösdürilmegine hem möhüm ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda milli sirk sungaty täzeden dikeldildi hem-de 2010-njy ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Döwlet sirki gaýtadan işläp başlady. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary 2007-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ösüp gelýän ýaş nesillerimiz barada çäksiz aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.
Gülbagt PÜRÇIKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy etrap
Geňeşiniň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.