SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň hem-de TDP-niň Gyzylarbat etrap komitetiniň bilelikde gurnamagynda etrabyň medeniýet öýünde “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Monako saparynyň dowamynda Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II bilen geçiren duşuşygy, Monakonyň Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynda ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine öňe sürýän başlangyçlaryny yzygiderli goldap gelýändigi dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.

Mundan başga-da, çärede «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk festiwalynda uly üstünligi barada buýsançly söhbetler edildi.

Çäräniň ahyrynda oňa ýurdumyzy bedew bady bilen ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň elmydama rowaç almagyny arzuw etdiler.

 

Gülsona AŞYROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Fewral 2025 | 1688 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

22 Fewral 2025 | 822 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

20 Fewral 2025 | 445 okalan

GYZYKLY GEÇEN BÄSLEŞIK