MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Golaýda Balkan welaýatynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen Halkara sirk festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy mynasybetli maslahat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda çykyş edenler «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda ýeňiji bolmagy mynasybetli Arkadag şäherinde geçirilen dabaraly çärede milli at üstündäki oýunlar toparyna Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan pul sowgatlarynyň gowşurylmagy, şeýle-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezine dynç alyş ýollanmasynyň, hem-de birnäçe sowgatlaryň gowşurylmagy dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler.

Munuň özi ýurdumyzda Milli Liderimiziň başlangyjy bilen täzeden dikeldilen türkmen sirk sungatynyň uly üstünliklere beslenýändiginiň, dünýä derejesine çykýandygynyň aýdyň güwäsine öwrülendigini tassyklaýar. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan bu gezekki ýeňişi bolsa, türkmeniň uçar ganaty saýylýan behişdi bedew atlara bolan hormat-sarpany has-da ýokarlandyrdy diýip belläp geçdiler.

Milli gymmatlyklarymyzy sarpalap, halkara derejesinde bedewlerimiziň şan-şöhratyny artşa göterýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözler maslahatyň dowamynda yzygiderli ýaňlandy.

 

Gülnara SARYBAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat

Geňeşiniň işgäri.

Meňzeş habarlar

22 Fewral 2025 | 1687 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

22 Fewral 2025 | 821 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

20 Fewral 2025 | 444 okalan

GYZYKLY GEÇEN BÄSLEŞIK