TANS SUNGATY-PARAHATÇYLYGYŇ RUHY JOŞGUNY

Ýakynda Balkan welaýatynyň «Bagt köşgi» toý dabaralar merkezinde Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi bilen bilelikde tassyklan düzgünnamasy esasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ÝUNESKO tarapyndan bellenilýän “Halkara tans güni” mynasybetli «Tans sungaty-parahatçylygyň ruhy joşguny» atly şygar bilen welaýatyň etrap şäherleriniň medeniýet merkeziniň döredijilik tans we folklor toparlarynyň arasynda tans bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşik iki şertden ybarat bolup, etrap-şäher medeniýet merkeziniň tans toparlary öz aralarynda bäsleşdiler. Eminleriň çykaran netijesine laýyklykda, Baş baýraga Balkanabat şäher medeniýet merkeziniň “Şapak” folklor döredijilik topary birinji orna, Gyzylarbat etrap medeniýet merkeziniň “Köpetdag” halk folklor döredijilik topary, ikinji orna, Magtymguly etrap medeniýet merkeziniň “Summar” halk folklor döredijilik topary hem-de Esenguly etrap medeniýet merkeziniň topary üçünji orna mynasyp boldular.

Bäsleşikde ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary welaýat Medeniýet müdirligi tarapyndan Hormat hatlary dabaraly gowşuryldy.

 

Gözel SAPARMÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyňBalkan welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

22 Fewral 2025 | 1671 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

22 Fewral 2025 | 797 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

20 Fewral 2025 | 74 okalan

GYZYKLY GEÇEN BÄSLEŞIK