Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň gurnamagynda etrabyň 17-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçy gyzlarynyň gatnaşmagynda «Gyz edebi – il edebi» atly wagyz nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda TMÝG-niň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň wekilleri we mekdebiň mugallymlary çykyş edip, olar edep-terbiýe, ahlak gymmatlyklary dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlara okamaga, öwrenmäge, işlemäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar.
Gülsona AŞYROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyňGyzylarbat etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.