Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasy tarapyndan Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň Ak öýi» binasynda 2025-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygyna iş saparyna gitmegi, iki ýurduň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy, medeniýet, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň meseleleri, hususan-da, sirk sungaty, atçylyk sportuny ösdürmek babatdaky hyzmatdaşlygyny ýaşlara wagyz etmek, şeýle hem «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara 47-nji sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş etmegi we baş altyn baýraga mynasyp bolmagy mynasybetli “tegelek stoluň” başynda aýdym-sazly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň altyn baýraga mynasyp bolmagy tutuş türkmen halkyny buýsandyrandygy, bu toparyň halkara derejesinde geçirilýän ençeme sirk festiwallarynda birnäçe gezek baş baýraga mynasyp bolandygy barada buýsançly söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaşlaryň yhlasly zähmet çekmegi üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
Hakmyrat KIŞJIKOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň«Türkmennebit» döwlet
konserniniň şahamçasynyň başlygy.