ÝURDUMYZ BAGY BOSSANLYGY ÖWRÜLÝÄR

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň, etrap häkimliginiň etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde gurnamagynda etrapda geçirilýän arassaçylyk işlerine ýakyndan ýardam bermek, il arasynda daşky gurşawy arassa saklamak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen arassaçylyk işleri geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen daşky gurşawy gorap saklamak, halkyň sagdyn durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek boýunça uly işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu nukdaýnazardan ýurdumyzda şeýle-de welaýatlarda, etrap-şäherlerde ählihalk ýowarlary yzygiderli geçirilip durulýar. Biz ýaşlar hem öz gezegimizde bu işlerden gaýra durman, öz etrabymyzyň çäklerinde arassaçylyk işlerini geçirmeklige goşandymyzy goşýarys.

Halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, daşky gurşawy gorap saklamak barada uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

 

Tagandurdy TAGANDURDYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Esenguly etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

22 Fewral 2025 | 1671 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

22 Fewral 2025 | 797 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

20 Fewral 2025 | 74 okalan

GYZYKLY GEÇEN BÄSLEŞIK