BRIFING DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Golaýda Balkan welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň gurnamagynda 2025-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygyna saparynyň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy, medeniýet, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň meseleleri, hususan-da, sirk sungaty, atçylyk sportuny ösdürmek babatdaky hyzmatdaşlygyny ýaşlarymyza wagyz etmek maksady bilen, «Ahalteke atlary parahatçylygyň ilçileri: ÝUNESKO kluby-möhüm ähmiýetli işler, öňde durýan möhüm wezipeler» atly şygar astynda brifing duşuşygy geçirildi.

Brifing duşuşygynda çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygynda saparda bolan günlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda Altyn baýraga mynasyp bolandygy, şeýle hem Milli Liderimiziň başlangyjy, Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň sirk sungatynyň dünýä derejesine çykýandygy dogrusynda buýsançly söhbet etdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Aýgül IŞANMÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Fewral 2025 | 1671 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

22 Fewral 2025 | 795 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

20 Fewral 2025 | 74 okalan

GYZYKLY GEÇEN BÄSLEŞIK