Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygynda saparda bolan günlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Bu halkara üstünlikler barada ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň we Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Balkan welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde sungat mekdebiniň talyplarynyň arasynda «Şan-şöhraty dünýä dolan «Galkynyş»» atly şygar bilen iki sagadyň dowamynda surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi.
Bäsleşigiň dowamynda talyp ýaşlar özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Talyp ýaşlar çeken suratlarynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň üstünligini, ahalteke bedewiniň gözelligini surat eserleriniň üsti bilen wasp etdiler.
Bäsleşikde ýeňiji bolan talyp ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.
Oguljeren ÇENDIROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.