ÝEŇIJILERINIŇ ARASYNDA SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň gurnamagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň ýeňijileriniň arasynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşlik duşuşygynda çykyş edenler 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Şowhuna beslenen söhbetdeşlik duşuşygynda bagtyýar çagalaryň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdymlar belentden ýaňlandy. Gül-gunçaly döwrümizi wasp edýän aýdymlar duşuşyga gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyryp, olara ruhy lezzet paýlady. Çärede çykyş eden Gulbaba baýragynyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Söhbetdeşlik duşuşygynyň ahyrynda çykyş edenler ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim almagy üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

Aýgül IŞANMÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň sanly

ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Fewral 2025 | 4 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

22 Fewral 2025 | 4 okalan

SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

22 Fewral 2025 | 4 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI