Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi bilen beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde gurnamagynda şäheriň Magtymguly adyndaky 2-nji orta mekdebinde bilim alýan okuwçylaryň arasynda sagdyn-durmuş ýörelgelerini we arassaçylygyň ähmiýetini düşündirmek maksady bilen «Arassaçylyk — saglygyň gözbaşy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda eziz Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça giň möçberli işleriň amala aşyrylýandygyne bellediler hem-de ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ähli taraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, ylymly-bilimli bolmaklaryny gazanmak dogrusynda giňişleýin beýan etdiler.
Çykyş edenler halkymyzy abadan durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maýagül GARAJAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher
Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.