ADY DÜNÝÄ DOLAN BEHIŞDI BEDEWLER

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi «Ýaşlyk» teleradioýaýlymy hem-de Daşoguz welaýat teleradiostudiýasy bilen bilelikde, welaýat kitaphanasynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda altyn we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy mynasybetli, «Ady dünýä dolan behişdi bedewler» şygary bilen “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdi. Oňa Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Söhbetdeşlikde edilen çykyşlarda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda altyn we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen döredilen bu toparyň gazanan üstünlikleri, ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda atçylyk sungatyny gorap saklamakda, öwrenmekde, ösdürmekde, ony geljekki nesillere ýetirmekde durmuşa geçirilýän taryhy işler barada giňişleýin bellenildi.

 

Şamyrat NAZAROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

01 Mart 2025 | 63 okalan

SAGDYN MAŞGALA – SAGDYN JEMGYÝET

26 Fewral 2025 | 194 okalan

TALYP GÖZELLER BÄSLEŞDILER

25 Fewral 2025 | 395 okalan

BELENT ÖSÜŞLERE ŞANDYR BEDEWIM