ÝYLYŇ ŞYGARYNA BAGYŞLANDY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi, etrabyň Andalyp şäher medeniýet merkezinde dürli pudaklarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny” dabaralandyrmak maksady bilen, “Bagtyýarlygyň we gözelligiň mekany” atly şygar bilen dabaraly maslahat geçirdi. Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde asudalygy gazanmak, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek babatynda edýän taýsyz tagallalarynyň bu günki gün dünýäniň syýasy arenasynda gyzgyn garşylanylýandygyny we goldanylýandygy, ýurdumyzyň netijeli diplomatik gatnaşyklaryň üsti bilen gazanan ýokary ösüşleri, Milli Liderimiz tarapyndan öňe sürlen “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly häzirkizaman halkara gatnaşyklarynyň täze pelsepesi dogrusynda buýsançly bellediler. Etrap medeniýet merkeziniň aýdym-sazly çykyşlarynda ajaýyp döwrümiziň waspy, berkarar döwletimiziň gazanýan üstünlikleri joşgunly wasp edildi.

 

Derýa MAGSADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Iýul 2025 | 1 okalan

SPORT-SAGDYNLYKDYR HEM-DE GÖZELLIK

17 Iýul 2025 | 2 okalan

SPORT – KÄMILLIGE BADALGA