Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi, Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda, şol mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda “Arkadagly Watanda bagtdan paýly türkmen ýaşlary” atly maslahat duşuşygyny geçirdi. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny” dabaralandyrmak maksady bilen geçirilen maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek üçin amala aşyrýan beýik işlerini özlerine nusgalyk görelde edinen ruhubelent ýaşlaryň bu günki gün ykdysadyýetiň ähli pudaklarda zähmet çekmek bilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýandyklaryny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüş-özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň döwletleriň we halklaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň dünýä bileleşiginiň umumy ykrar edilen ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşýandygynyň aýdyň subutnamasydygyny belläp geçdiler. Çärä gatnaşanlar eşretli, bolelin, parahat zamanada ýaşamaga ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Meýlis ATAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň baş hünärmeni.