Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi, Daşoguz welaýat kitaphanasynda guramanyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli, “Parahatçylyk we ynanyşmak – bagtly geljegiň mizemez binýadydyr” ady bilen “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdi. Onda çykyş edenler 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilmeginiň dünýä ähmiýetli şeýle meselä umumadamzat ösüşi nukdaýnazaryndan çemeleşmegiň milli nusgasydygyny, şunda hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerinden, şeýle hem, dünýäde umumy ykrar edilen kadalardyr kanunçylyk namalaryndan ugur alnandygyny, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen dünýä bileleşiginde makullanan hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ynamly ýöredilýän daşary syýasy strategiýamyzyň diňe bir mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň parahatçylykly hem-de abadan durmuşyna gönükdirilmän, eýsem, dünýä bitewüligine, sebitde we älemde durnukly ösüşiň, milletara ynanyşmagyň, döwletleriň ykdysady hyzmatdaşlyk işjeňliginiň pajarlamagyna gönüden-göni oňyn täsir edýändigini, adamzat aňyýetiniň şeýle kämil ösen, iň aňrybaş tehnologiýalaryň dörän häzirki döwründe – üçünji müňýyllykda parahatçylygyň, özara düşünişmegiň, deňhukukly ykdysady gatnaşyklaryň, täze kerwen ýollarynyň umumadamzat ösüşi üçin has zerurdygyny belläp geçdiler. Söhbetdeşlige gatnaşanlar ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek babatda döwlet we umumadamzat ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Arazgül MÄMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň uly buhgalteri.