Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi Görogly etrap bilim we medeniýet bölümleri bilen bilelikde, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 65-nji orta mekdepde “Dünýäniň akyldary dünýä ýüzünde” atly şygar astynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş beren “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Dabarada bu ajaýyp kitabyň many-mazmuny, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň taryhy wakalary, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen döwlet we halkara derejesindäki çäreler, türkmen halkynyň beýik akyldarynyň baý döredijilik dünýäsi, şahyryň mirasyny içgin seljermekde, ony dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmekde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan amala aşyrylýan anyk we netijeli ädimler barada giňişleýin we buýsançly bellediler.
Täjigül GYLYJOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.