Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi, etrabyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 105-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda “Meniň okan kitaplarym, indi okamaly kitaplarym” atly şygar bilen zehin bäsleşigini geçirdi. Bäsleşik ýaşlary köpçülikleýin kitaphana çekmek, olaryň kitap okamaklyga bolan söýgüsini artdyrmak hem-de okan kitaplaryny çeper beýan edip bilmek ukyplaryny ýokarlandyrmak maksady bilen geçirildi. Onuň şertlerine laýyklykda, okuwçylar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýazan ajaýyp eserlerinden bölekleri ýatdan okamak, Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly goşgusyny çeper beýan etmek hem-de öz okan kitaplarynyň many-mazmuny barada gürrüň bermek boýunça bäsleşdiler.
Netije-de, 1-nji orna 11-nji synp okuwçy Şöhrat Allabaýew, 2-nji orna 10-njy synp okuwçy Silap Baýryýew, 3-nji orna 12-nji synp okuwçy Jennet Kyýasmuhammedowa dagylar mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Gülşirin GAÝYPOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.