Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşi etrabyň häkimligi, medeniýet bölümi hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, Şabat şäheriniň medeniýet merkezinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny” dabaralandyrmak maksatly “Milli medeniýetim – ýürek buýsanjym” atly şygar bilen aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirdi. Onda baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” baý many-mazmuny dogrusynda çykyşlar edildi. Etrabyň medeniýet-sungat ussatlary hem-de çeper höwesjeňleri bolsa, ajaýyp aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Dabara oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Farruhbek HAÝITOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Şabat etrap Geňeşiniň başlygy.