ÝAŞ MEÝLETINÇILERIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, olaryň döwlet durmuşyna işjeň gatnaşmagy, syýasy, hukuk düşünjeliliginiň ýokarlanmagy üçin döwlet derejesinde ähli şertler döredilýär. Şunda meýletinçilik hereketlerini ösdürmäge aýratyn üns berilýär.

Munuň şeýledigine ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça merkeziň döredilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Žurnalistikada ýaşlaryň orny, telekeçilik we startap, sanly ulgamlaryň ähmiýeti, ýaş şahyrlaryň döredijiligi, dil we terjimeçilik bilen bagly gurnaklary özünde jemleýän bu merkeziň esasy maksady ösüp gelýän ýaş nesliň ukyp-başarnygynyň, zehininiň açylmagyny gazanmakdan ybarat bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň mejlisler zalynda halypa şahyr Aşyrmät Garlyýewiň, “Edebiýat we sungat” gazetiniň edebi işgäri, şahyr Gurbanjemal Annakowanyň gatnaşmagynda ýaş şahyrdyr žurnalistler bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda žurnalistikanyň ilkinji ädimleri, nazaryýet esaslary bilen bagly gürrüňler edildi. Şeýle hem, çäräniň dowamynda türkmen edebiýaty, onuň ösüş aýratynlyklary barada gyzykly söhbetlere giň orun berildi.

Şeýle duşuşyklaryň guralmagy hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýaş meýletinçileriň ösüşiň täze belentliklerine tarap barha öňe ilerleýän ýurdumyzyň we jemgyýetiň abadan durmuşyna goşant goşmak islegi bilen şertlendirilendir.

Bularyň ählisi, türkmen ýaşlarynyň Watana wepaly, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi, olaryň öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesidir.

 

Gurban MYRADOW,

«Arkadagly Ýaşlar» electron

žurnalynyň jogapkär kätibi.

Meňzeş habarlar

06 Fewral 2025 | 2802 okalan

GUŞAKLY GÖREŞIŇ TILSIMLERI

05 Fewral 2025 | 3706 okalan

GUŞAKLY GÖREŞ SPORTUNYŇ TARYHYNDAN