Mekdep okuwçylarynyň şatlyk-şowhuna beslenen gyşky dynç alyş möwsümi tamamlanyp barýar. Bu möwsümde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän Çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň onlarçasynda mekdep okuwçylarynyň ýatda galyjy dynç almagyny, boş wagtyny peýdaly işlere sarp etmegini gazanmak üçin ýörite taýýarlanan meýilnama üstünlikli amala aşyryldy. Munuň şeýledigine Gökdere jülgesinde ýerleşýän Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde möwsümiň tamamlanmagynyň öňýanynda geçirilen çäreler hem şaýatlyk etdi. Bu ýerde 9-njy ýanwarda Gökdere jülgesinde ýerleşýän 14 sany Çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinden toparlaryň gatnaşmagynda bäsleşikler, wagyz-nesihat duşuşygy we sergi guraldy. «Hünärler şäherçejigi», «Çeper eller», «Kim köp dil bilýär?» atlary bilen geçirilen çärelere uly höwes bilen gatnaşan çagalar öz ukyp-başarnyklaryny ussatlyk bilen ýüze çykardylar.
Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Hünärler şäherçejigi» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda dynç alyş merkeziniň giň howlusynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesi, Türkmen döwlet gurjak teatry, Aşgabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler öýi tarapyndan dürli görnüşli sergiler guraldy. Sergä tomaşa eden mekdep okuwçylary gurluşyk ulgamyna degişli taslamalara, ilkinji kömek bermek bilen baglanyşykly şekilli görnüşlere, dürli tanslara, elde ýasalan gurjaklaryň dürli görnüşlerine, keramiki önümlere we olaryň ýasalyşyna tomaşa etdiler. Olar barada özlerini gyzyklandyrýan sowallaryň birnäçesine jogap tapdylar. Serginiň iň görnükli ýerinde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplarynyň ýerine ýetiren göwnaçar sirk tomaşasy çäräniň bütin dowamynda köp adamly boldy.
Dynç alyş merkeziniň içinde dürli merkezlerden gelen çagalaryň özleriniň taýýarlan sergisinde «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynyň ruhy öz aýdyň beýanyny tapdy. Sergilerde her dynç alyş merkezinden gelen 2 sany okuwçy merkeziň taýýarlan sergisini tomaşaçylara görkezdiler, öz işleri barada gyzykly gürrüňleri berdiler.
Çäräniň dowamynda «Kim köp dil bilýär?» ady bilen geçen bäsleşikde Gökdere jülgesinde dynç alýan mekdep okuwçylarynyň daşary ýurt dilleriniň birnäçesini çuňňur bilýänligi ýüze çykaryldy. Olar gyş pasly barada we erkin temalarda öz çeken suratlaryny, elde ýasan şekillerini dürli daşary ýurt dillerinde wasp etdiler. Bu bäsleşige gatnaşan ähli okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.
Dürli SAPAROWA,
«Nesil».
“Nesil” gazeti,
11.01.2018ý.