Göge galýan güneşi görmän galýan ýok. Biziň güneş deýin şuglaly şöhratymyza dünýä şaýat. Diňe türkmen alymlary, taryhçylary, ozanlary däl, eýsem gaýry halkdan, saýry milletden bolanlar hem türkmenleriň mertligi-merdanalygy, mergenligi, garadan gaýtmazlygy, mazluma rehim-şepagatlydygy, açykgöwünli, päkize kalply, pespäl we belent ruhly bolandygy hakda sahypasy galyň-galyň kitaplary ýatlama goýupdyrlar. Orta asyr we ondan irkiräk döwürlere degişli edebi-taryhy çeşmelerde şeýle mazmunly wakalar, habarlar, rowaýatdyr tymsallar her kitabyň bezegi bolupdyr. Islendik taryhy-edebi eserde türkmenler bilen baglanyşykly wakalar beýan edilýär. Şol maglumatlaryň üsti bilen ata-babalarymyzyň halklaryň arasyndaky at-abraýyna has-da aýdyň göz ýetirip bolýar. Orta asyrlarda arap dilinde ýazylan şeýle eserleriň birinde Mälik şa bilen baglanyşykly täsin bir rowaýat bar. Eserde ýazyjy-taryhçy alym şeýle gürrüň berýär:
«Muny maňa 566-njy ýylyň dört tirkeşigiň birinji aýynyň 22-sine, hepdäniň penşenbe güni (1170-nji ýylyň 3-nji dekabry) gürrüň berdiler. Pukara ýaşulularyň biri Mälik şanyň weziri Hoja Büzrügiň bosagasyndan ätläpdir. Öňünde peşeneli sakgaly döşüni ýapyp duran epeý ýaşulyny görüp, Hoja Büzrüg: «Geliş nireden? Kim bolarsyňyz? Nähili haýyş-hajat bilen geldiňiz?» diýip sorapdyr. «Men Pygamber aleýhissalamyň ilçisi, Mälik şa ýetirmeli habarym bar» diýip, ýaşuly jogap beripdir. «Bu nä ahwalat, diýýäniňiz näme, pygamber nire, siz nire? Bu wagtky döwür nire?» diýip, wezir geňirgenipdir. «Hökümdar bilen duşuşyp, habarymy ýetirýänçäm, şu ýerden yza dönmejegim hak. Bu amanat zat, ony aýtmak meniň borjum» diýip, ýaşuly hem raýyndan gaýtmandyr. Hoja Büzrüg soltanyň huzuryna girip, ýagdaýy mälim edipdir. Bu habara Mälik şanyň özi hem geň galypdyr. Ýaşulyny içeri almagy tabşyrypdyr. Ýaşuly oňa miswak we darak sowgat edipdir. Habaryny aýdypdyr: «Hormatly hökümdarym! Men bir pukara ýaşuly, birnäçe gyzym bar. Emma olary öýli-işikli etmek üçin toý harjyny ödär ýaly gurbum ýok. Ençeme günläp, gije-gündiz Ýaradana ýalbaryp, dileg-doga etdim. Ahyry pylan aýyň juma gijesidi, düýşüme pygamber aleýhissalam girdi. Ol ýanyma gelip: «Biribardan şeýle-şeýle zatlary dileýän senmi?» diýip sorady. Men «hawa» diýip, baş atamsoň, «Beýik Mälik şa bardyr, ol jomartdyr, şonuň ýanyna bar-da meniň adymdan habar ýetir. Şol gyzlaryň toý harjyny ödemegi saňa tabşyrdy» diýip aýt, enşalla, ýerine ýeter» diýdi. Men: «Eý, Pygamber hezretleri, ol menden delil-alamat sorasa, näme jogap bererin?» diýip soradym. «Oňa aýt, sen her gün ýatmazyňdan öňürti şeýle-şeýle sözleri, dileg-dogalary okaýan ekeniň» diý, şu söz ýeterlik bolar» diýdi». Ýaşulynyň sözlerini diňläp, Mälik şa haýran galypdyr. Dogrudanam ol her gije ýatmazyndan öňürti il-ýurt abadanlygy, saglyk, agzybirlik, raýatlarynyň bolelin gün-güzerany ýaly ýagşy zatlary sanap, diläp çykýan ekeni, emma bu ýagdaýy Ýaradandan başga hiç kime bildirmez ekeni. Şondan soň soltan Mälik şa bu ýaşulynyň haýyş-hajatyny, iň esasan hem, gaýypdan gelen habar-hajaty hasyl edipdir, onuň islegini doly berjaý edipdir».
Türkmenler bilen bagly şeýle mazmundaky rowaýatlar başga-da köp. Her rowaýatdyr taryhy wakanyň süňňünde bir täsinlik ýa-da bir beýik häsiýet hakda söz açylýar. Şeýdip, taryhda ata-babalarymyzy bezän ilhalar häsiýetleri gürrüň bermek bilen kyssaçylar ynsan köňülleriniň rahatlygyny gazanypdyrlar, hem-de nesilleri şol belent adamkärçilik ruhunda terbiýelemäge çalşypdyrlar. Orta asyrlarda ýazylan edebi eserlerde türkmen milli häsiýetlerine mahsus söz-söhbetleriň, öwüt-ündewleriň agdyklyk edýändigi tötänlik däl bolsa gerek.
Rahmet GYLYJOW,
«Nesil».
“Nesil” gazeti,
11.01.2018ý.