SYÝAHATÇYLYK ULGAMY DÜNÝÄ ÝÜZÜNDE

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleri bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde örän uly ähmiýetiniň bardygyny dünýä döwletleri ykrar edýär. Hormatly Prezidentimiziň ähli ugurlarda sazlaşykly alyp barýan işleri, halkara derejesindäki taslamalary uly gyzyklanma döredýär. Dünýäniň ýurtlaryny Türkmenistanyň depginli ösüşi, senagatlaşýanlygy, parahatçylygyň we agzybirligiň yzygiderli dowam edýänligi gyzyklandyrýar.

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynyň ilkinji günlerinde şatlykly wakanyň şaýady bolmak bagtyýarlykdan nyşandyr. Italiýanyň döwlet teleradio gepleşikleri korporasiýasynyň «Rai 3» teleýaýlymy Türkmenistany 2018-nji ýylda iň gowy syýahatçylyk ugurlarynyň biri hökmünde atlandyrdy.

Italiýanyň döwlet teleradio gepleşikleri korporasiýasynyň «Rai 3» teleýaýlymy esasy medeniýet baradaky gepleşikler bilen meşgullanýar. Dürli ýurtlar hem-de yklymlar boýunça syýahatlar baradaky filmleriň köp seriýaly tapgyryndan soň, teleýaýlym tomaşaçylaryň arasynda sorag-jogap geçirdi hem-de meşhur ugurlaryň sanawyny düzdi. Ses bermegiň netijeleri boýunça Türkmenistan «Taryh» ugrunda birinji orna mynasyp boldy.

Munuň özi hormatly Prezidentimiziň bu ugurda alyp barýan işleriniň ýene bir ýola dabaralanmasy boldy. Biziň ýurdumyzda bar bolan ýadygärlikleriň aýawly saklanýanlygy, olaryň irginsiz öwrenilýänligi netijesinde dünýäniň ýurtlarynyň syýahatçylarynyň, alymlarynyň biziň ýurdumyza gelmäge hem-de ýadygärlikleri görmäge, öwrenmäge döredilýän şertler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mirasymyza goýulýan sarpa, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynyň ösdürilýändigine gönüden-göni esasdyr.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli ugurlar bilen birlikde syýahatçylyk ulgamyny ösdürmegiň strategiýasy giň gerimde alnyp barylýar, onuň çäkleri giňeldilýär. Onuň mahabat hem maglumat ulgamlary yzygiderli ösdürilýär. Bu ugurda işlemek üçin hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berilýär.

Türkmenistanda syýahatçylyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň diňe bir biziň ýurdumyzyň çäklerinde öwrenilip, giňeldilip dowam etdirmek bilen çäklenmän, eýsem dünýä ýaýylmagynda hem örän uly orny bar. Biziň ýurdumyzda bar bolan gadymy ýadygärlikler toplumy, döwlet taryhy-medeni goraghanalaryna girýän ýadygärlikleriň ençemesi BMG-niň bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasynyň, ýagny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girdi. Olaryň hatarynda Gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç ýaly ýadygärlikleri görkezmek bolar.

Ýurdumyzda ylmy işleri ösdürmeklige giň mümkinçilikler açylýar. Gadymy Merwde şol döwürlerde dünýä belli bolan Erkgala, Gäwürgala, Soltangala, Uly Gyzgala, Kiçi Gyzgala başga-da köp galalar bolan. Olar şol döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda gurlan binagärlik desgalarydyr. Hormatly Prezidentimiz şol galalary öwrenmäge we dikeltmäge uly mümkinçilik döredýär.

Köneürgenç iň bir şöhratlanan ýerleriň biri bolup, ol Horezmiň paýtagty bolupdyr. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyny okanyňda, ol «Müň derwezeli şäher» diýlip atlandyrylýar. Onda birnäçe bazarlar, kerwensaraýlar, dükanlar bar eken. Medreseleriň ýedi müň ýedi ýüz sanysy, metjitleriň bäş müň üç ýüz sanysy başga-da köp zatlar onuň subutnamalary bolup durýar. Ol ýerde häzirki döwre çenli belent minaraly şäher diýip, Köneürgenje at getiren Gutlug Temuryň minarasy, Nejmeddin Kubranyň, Törebeg hanymyň we başga-da birnäçe ýadygärlikleriň saklanyp galanlygy hakynda taryh bize aýdýar.

Gadymy Nusaý bolsa türkmen taryhynda esasy orun tutýar. Parfiýa türkmenleriniň ýaşan ýerleri barada baryp grek, italiýan alymlarynyň biziň eýýamymyzdan ozalky 200-500-nji ýyllardaky maglumatlarynda bellidir.

Hormatly Prezidentimiz çykyşlarynyň birinde: «Biz syýahatçylyk ulgamyna aýratyn üns bereris, ýurdumyzy syýahatçylyk merkezleriniň birine öwreris» diýip belleýär. Ine, şol nukdaýnazardan edilen işleriň özem şu günki günde ajaýyp netijelerini berýär.

Hormatly Prezidentimiziň her bir işi örän öňdengörüjilikli, binýatlaýyn esaslaryny tutup başlaýar. Geçen ýylyň 9-10-njy oktýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda hormatly Prezidentimiz özüniň jöwher paýhasyndan, ýiti zehininden dörän «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyny mähriban halkymyza sowgat etdi. Kitapda orta asyrlarda, ondanam has aňyrky döwürlerde Türkmenistanyň gülläp ösüşi, Beýik Ýüpek ýolunyň döwletleri, yklymlary birleşdirýän beýik güýç bolup, şol beýik güýjüň hereketlendirijisi bolubam Türkmenistanyň uly hyzmat edenligibeýan edilýär.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.

“Nesil” gazeti,

13.01.2018ý.

Meňzeş habarlar