GEÇMIŞDEN GELJEGE BARÝAN ÝOLLAR

Döwletimizde ata-babalarymyzdan miras galan, bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyklarymyzy aýap saklamaga, olary döwrebap öwüşginler bilen ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gözbaşyny ençeme ýüzýyllyklardan alyp gaýdýan taryhy ýadygärliklerimizi, medeni gymmatlyklarymyzy öwrenmek, olary ösüp gelýän ýaş nesillere ýetirmek ugrunda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Halkymyzyň dünýä medeniýetine goşan naýbaşy medeni baýlyklary barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda giňişleýin beýan edilýär.

Türkmen halky uzak taryhyň dowamynda iri we kuwwatly döwletleri, medeni merkezleri döretmek bilen bir hatarda Beýik Ýüpek ýolunyň hereket etmegini hem ünsden düşürmändir. Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky söwda gatnaşyklaryň ýylsaýyn artmagyna täsirini ýetirýän geografik taýdan amatly ýerleşen mähriban Diýarymyzyň medeniýete, ykdysadyýete ýetirýän peýdasy uludyr.

Ýurdumyzyň medeniýetleri birikdiren iň uly söwda ýolunyň — Beýik Ýüpek ýolunyň wajyp geçelgeleriniň merkezine öwrülendigine taryh şaýatlyk edýär. Türkmen topragy halklary dostlaşdyrýan, medeniýetleri ýakynlaşdyrýan «köprä» öwrülipdir. Beýik Ýüpek ýoly halklary we çäkleri özara birikdiren, gadymy dünýäniň syýasy, sosial-ykdysady, medeni durmuşynda öçmejek yz galdyran ýoldur. Beýik Ýüpek ýolunyň şahalarynyň birnäçesi «Dünýäniň ýedi ýolunyň çatrygy» diýip atlandyrylan ülkämiziň çäginiň üsti bilen geçipdir, şunlukda, döwletimiz ençeme asyrlaryň dowamynda Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde esasy orny eýeläpdir.

Döwletimiziň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky Änew, Altyndepe, Maşady-Misserian, Amul, Sarahs, Gadymy Merw, Köneürgenç, Täze we Köne Nusaý gadymy ýadygärlikler türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine ägirt uly goşant goşandygyna şaýatlyk edýär.

Bu ýoluň diňe bir halklaryň ösüşine we rowaçlygyna däl-de, eýsem dürli milletleriň özara düşünişmegine, dostlugyň ýola goýulmagyna hem ýardam edendigi aýratyn bellenilmeli ýagdaý bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaby halkymyzyň abadançylygy, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi, ýaş nesillerimiziň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi babatda bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini berkarar edip, ony täzeden dikeldýän hormatly Prezidentimize halkymyzyň alkyşy çäksizdir.

Akmaral MÄMMEDOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

Harytlaryň içerki we dünýä bazarlarynda çalt ilerledilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýän kämil ulag ulgamynyň bolmagy bazar ykdysadyýetini ösdürmegiň, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň geografiki taýdan amatly ýerleşmegi bilen, ägirt uly üstaşyr kuwwata eýedigini bellemelidiris. Şol kuwwatdan netijeli peýdalanmak bolsa möhüm wezipeleriň biridir. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda bolan giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda halkara ähmiýetine eýe bolan desgalar barada: «Aşgabat täze Halkara howa menzilini, Daşoguz şäherindäki howa menziliniň uçuş-gonuş zolagyny we beýleki desgalaryny, Türkmenabat şäherinde Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprülerini, «Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan» halkara demir ýolunyň ýurdumyzyň çäginden geçýän bölegini ýokary hilli gurup, ulanmaga bermeli» diýip belledi. Soňky ýyllarda milli Liderimiz uzynlygy 900 kilometrden gowrak bolan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli demir ýoluny gurmak arkaly «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesini döretmäge aýratyn üns berýär.

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde döwrebap demir ýol menzilleri, öňdebaryjy tehnikalar bilen üpjün edilen desgalar ulanylmaga berildi. Ýörite Türkmenistan üçin taýýarlanylan täze teplowozlar, ýolagçy gatnadýan we ýük daşaýan wagonlar satyn alyndy.

Häzirki wagtda täze awtoulag menzilleriniň gurluşygy hem güýçli depginde alnyp barylýar. 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda gije-gündiziň dowamynda ýolagçylaryň 2 müňüsine hyzmat etmäge ukyply Halkara awtoterminaly açyldy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň deňiz ýolagçy we ýük gatnawlarynyň ösdürilmegine Merkezi Aziýa we Hazar sebitiniň ýurtlarynyň halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna doly goşulyşmagynyň möhüm şerti hökmünde garaýar. Milli Liderimiz ýurdumyzyň raýat awiasiýasyny döwrebaplaşdyrmak meselelerine hem aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenbaşy şäherinde gurlan Halkara howa menziliniň üstaşyr we raýat gatnawlary üçin örän amatly ýerde ýerleşendigini, onuň Merkezi Aziýada iri logistiki merkez bolup hyzmat edýändigini bellemelidiris. Türkmenistan Ýewraziýa yklymynyň tutuş giňişliginde döwletara gatnaşyklary netijeli ösdürmäge ýardam berýän örän iri halkara logistika merkezine öwrülýär.

Häzirki wagtda biziň howa gämilerimiz Ýewropanyň we Aziýanyň birnäçe ýurtlaryna, şeýle hem içerki howa ýollarynda — paýtagta we welaýat merkezlerine yzygiderli uçuşlary amala aşyrýar.

Ýurdumyzyň awiaulgamyndaky gatnawlar dünýäniň esasy meşhur kompaniýalarynyň uçarlarynyň hem-de dikuçarynyň hasabyna ýetirilýär. Ýolagçylara ýokary hilli hyzmat etmek hem-de ähli ugurlarda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça önjeýli işler alnyp barylýar.

Merkezi Aziýany, Hazar, Gara deňizlerini we Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogary, Günorta we Günorta — Gündogar Aziýany birleşdirýän täze geoykdysady giňişliginiň binýadyny döretmek Türkmenistanyň ulag ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Kerim DÖWLETOW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.

“Nesil” gazeti,

16.01.0218ý.

Meňzeş habarlar