Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň badalga alan pursatlarynda, ýylyň ilkinji aýynda Gahryman Arkadagymyz il ykbaly, ýurdumyzyň geljegi bilen bagly döwletli işleriň gerimini giňeltdi. Milli Liderimiziň sahawatly baştutanlygynda ýurdumyzyň syýasy hem medeni kuwwaty artyp, ykdysady ösüşlerimiz hem öňe ilerledi. Bu bolsa merdana milletimiziň geljeginiň has aýdyň ertirlerde dowam etjekdigine bolan ynamy artdyrýar. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň ähli künjekleri bilen bir hatarda türkmen paýtagtynyň hem özgerdilmegi, özem tanalmaz derejede kämilleşmegi şu ýurduň raýatlary hökmünde biziň her birimizi buýsandyrýar. Özem ýaş nesliň wekilleriniň guwanjyny hasam goşalandyrýar. Täze ýaşaýyş jaý toplumlaryny, medeni-durmuş maksatly binalary, kaşaň köşkleri, aýna ýaly giň ýollary we dürli döwrebap taslamalary bilen tapawutlanýan baş şäherimiziň has-da kämilleşdirilmegi ähli sebit üçin, hususanam, paýtagtlylar üçin örän ähmiýetlidir.
Milli Liderimiz ýaňy ýakynda Aşgabat şäheriniň dolandyryş çägine üýtgetmeler girizmek bilen bagly täzeçilligi durmuşa ornaşdyrdy. Şolar bilen bir hatarda öňki Abadan we Arçabil etraplary ýapylyp, Büzmeýin etraby döredildi. Munuň özi Arkadag Prezidentimiziň paýtagty has-da ösdürmek, şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek we edara-kärhanalaryň işini kämilleşdirmek, raýatlaryň rahat durmuşyny ýokarlandyrmak bilen bagly işleriniň alamatydyr. Geljekde bu etrap öz önümçilik kuwwaty, dolandyryş işi, medeni we syýasy hyzmaty, ykdysady üpjünçiligi bilen paýtagtymyzyň öňe gitmegine öz saldamly goşandyny goşar. Bu ýeriň ähli ýaşaýjylary bilen bir hatarda biz — ýaşlar hem Türkmenistanyň Ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça işlerimize hasam tijenme bereris. Şäherimizde iri etrap hökmünde kemala gelen, özem taryhy ady bilen döredilen etrabyň ähli ýaş raýatlary, jemgyýetçilik guramalary bolup, mähriban Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän parasatly syýasatlaryny tüýs ýürekden goldap, halkymyzyň arasynda alyp barýan jemgyýetçilik işlerimiziň, wagyz-nesihat çärelerimiziň gerimini hasam giňelderis. Goý, döwletli Diýarymyzy gözellige besleýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy belent, işleri rowaç bolsun!
Şirin MIRMEDOWA,
TMÝG-niň Büzmeýin etrap geňeşiniň başlygy.
“Nesil” gazeti,
18.01.2018ý.