Her jemgyýetiň ahlak ýörelgesi, raýatlaryň edep-ekramlylygy, watansöýüjiligi, maşgalanyň halallygy, ene-atanyň çagalarynyň, il-gününiň öňündäki borjy bilen kesgitlenýär. Terbiýäniň düýp binýady maşgaladan başlanýar. Türkmeniň ýaşaýyş-durmuş kadalary haýsy maşgalada göwnejaý berjaý edilse, şol öýde hemmetaraplaýyn sagdyn, halal-päkize nesil ýetişýär.
Akyldarlaryň aýdyşy ýaly, islendik döwletli işi ýola goýmak, amala aşyrmak we şol meselede üstünlik gazanmak üçin, ilkinji nobatda erk-ygtyýar, sabyrlylyk, tutanýerlilik zerur. Ýadaman, ýaltanman şol ugurda göreşmeli, irginsiz zähmet çekmeli. «Zähmet soňy rehnet» diýlişi ýaly, seniň azabyň soňy netijeli bolar, eşretli durmuşa gözüň düşer.
«Çagany ýaşdan» diýip, ýöne ýere aýdylanok. Ýaşlykda gözüniň gören zady, gulagynyň eşiden habary çaga gowy täsir edýär.
Terbiýe her bir çaganyň özüne mahsus bolan aýratynlyklaryna onuň häsiýetine, islegine görä bolmaly. Ata-babalarymyz çaga terbiýesine jogapkärçilikli çemeleşip, durmuşda gabat gelýän edim-gylymlar bilen bagly terbiýeçilik ähmiýeti bolan, geljekde-de öz halkyna nepi degjek ýörelgeleri, yrymlary, däpleri döredipdirler. Olardan netijeli peýdalanypdyrlar. Terbiýe meselesinde pederlerimiziň goýup giden ýörelgeleri biziň üçin uly zat. Iň bärkisi olaryň: «Terbiýe meselesinde ýalňyşara ýer ýok» diýen kesgitlemesi eýýäm köp zat barada habar berýär.
Ahlak taýdan berk, ruhy taýdan belent maşgala islendik döwletiň mizemez baýlygy, başynyň täjidir. Maşgalanyň jemgyýetdäki ähmiýeti diýseň uludyr. Ol ýaşlara edep-terbiýe berip, ony durmuş ýoluna salýar, jemgyýet bilen ysnyşdyrýar.
Çagalarymyzy terbiýelänimizde diňe özümiziň şahsy bähbidimizi däl, döwletimiziň bähbidini hem göz öňünde tutmalydyrys. Çaga döwlete daýanmaly, özi hem onuň diregi bolmaly.
Berkarar döwletimizde biz ylymly-bilimli, akylly-başly, edepli-ekramly, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, ruhubelent nesliň terbiýe meselesinde, ilkinji nobatda maşgala daýanmalydyrys. Maşgala biziň baş galamyz.
Ýaşlaryň bagtyýarlygy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik bolsun, il-ýurt bähbitli işleri mydama üstünliklere beslensin!
Selbi ŞAMYÝEWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň
baş hünärmeni.
“Nesil” gazeti,
18.01.2018ý.