(«HEŇŇAM HEKAÝATLARY» TOPLUMYNDAN)
Ýalňyşmaýan bolsam, 2011-nji ýylyň giçki baharydy. Haýp, anyk senesini ýandepderçäme bellemändirin, ýogsamam şol ýandepderçämi häzir tapamok. Bir öwrümde öňümden çykaram weli... Garaz, gepiň keltesi, şol gezek gadymy Marguş topragyndaky Goňurdepede akademik Sarianidiniň geçiren arheologik gazuw-agtaryşlary netijesinde tapylan gymmatlyklaryň — hazynanyň açyk asmanyň astyndaky «sergisi» guraldy. «Sergi» sözi bärden gaýdýar. Ol hakyky sungat muzeýine meňzeýärdi. Bagtly pursatlar hakyda ýazylýar. Şondan bir ýyla golaý ozal aýagy döwleni üçin pişekli zordan ýöreýän, hemişe goltgy berýän ýanýoldaşy, diýseň mährem, hamrak zenan Dubowanyň (şu wagt ady, kakasynyň ady doly ýadymda däl) kömegi bilen ähli zada ýetişýän gojany gözügidijilikli buýsanç bilen esli wagt synlap durupdym. Sähel soňrak bolsa mähir bilen elleşip salamlaşmagam miýesser edipdi. Ine, şonda ady Älem içine dolan, özem eden ylmy açyşlarynyň, gazuw-agtaryşlarynyň agramly bölegini Türkmenistana bagyşlan bu alym gep arasynda şeýle diýipdi:
— Eger-de häzir akademik Masson aramyzda gezip ýören bolanlygynda, biziňkidenem has agramly iş bitirerdi. Ol Merkezi Aziýanyň arheologiýasynyň atasydyr diýilse, gaty dogry bolar. Marguşa hem ilki şonuň dabany degendir...
Ine, şonda ady agzalan alym hakda has köpräk bilmek höwesi kalbymda köräpdi.
Ine, indem meniň elimde rus dilinde çap edilen «XX asyryň meşhur adamlary» atly kitap. Sahypalaryny agdaryp otyrkam, ynha, «Orta Aziýanyň arheologiýasynyň halypasy» atly makala nazarymy egleýär.
Baý-buw, bu ykbalyň geňdigini, täsindigini gör-le! Bu şahsyýetiň ömür menzillerine ötlem-ötlem kynçylyklardyr garaşylmadyk ahwalatlar ýazylyp, ykbal ýollary, gör, nireleriň üstünden, haýsy yklymlaryň içinden geçip gaýdypdyr?!
Asyl kitap gatlaryndaky sahypalar, arhiw gymmatlyklaryna öwrülen ýazgylar, gözi bilen gören, bile işleşen adamlaryň ýatlamalary bir akaba birigip, şeýle kireňsiz hakykaty açýar. Ol hakykat şeýle: «Mihail Ýewgenýewiç Masson XX asyryň iň beýik alymlarynyň, ynsanperwer şahsyýetleriniň biridir».
Ol 1897-nji ýylda ykbaly Türküstan ülkesi bilen bagly maşgalada dünýä inen ynsan bolansoň bütin ömrüni, bilimini, zehinini, başarnygyny, gaýratyny, elden geldik hyzmatyny bu ýurda bagyş edipdir. Mekdebi tamamlap, Petrogradyň Politehniki institutynda okuwyny dowam etdiripdir. Soň Daşkentiň Gündogar institutyny tamamlapdyr. Zähmet ýoly şol ýerde başlanypdyr, ilki muzeýe direktor bellenipdir, şol bir wagtda-da Daşkentdäki Gündogar uniwersitetinde kafedra müdiri bolupdyr. Ine, şol wagtlar, şol ýerde Masson kiçeňräk ekspedision topar döredýär hem-de şonuň üýtgewsiz baştutany bolýar. Soňlugy bilen ol tutuş ýurtda iň uly hem iň meşhur ekspedisiýa toparyna öwrülýär.
Onuň ömür ýoly çylşyrymly, kötelli bolupdyr. 1929-njy ýylyň syýasy sowuklyga eýlenen, repressiýa howpy duýlup duran «howasy» ony jany-teni bilen berlip işläp ýören ýerinden zyňyp goýberýär. Nämemiş «hüý-häsiýeti, düşünjesi ynsanperwer ylymlary bilen meşgullanýan edaralarda işlemek bilen bap gelmeýärmiş». Bolan wakany eşiden akademik W.W.Bartold dessine degişli ýerlere ýüz tutup, geljegi uly, zehin gory ýetik, syýasy düşünjesi durnukly, iň esasam, bu topragy, şu Watany jany-teni bilen söýýän ýaş alymyň garşysyna beýle edilmeginiň juda nädogrudygyny «sözi kesgin» adamlara berk durup düşündirýär, has «ýokarrakdaky» edaralara hat bilen ýüzlenýär. «Gaýtmyşymdan» soň M.Ý.Massony ýene-de ekspedision düzüme kabul edýärler. Şol ýerdäki çaklaňja kitaphana müdir bellenenem bolsa, onuň esasy işi Täjik-Pamir ekspedisiýasy bilen bagly bolýar. Meýdan işlerindäki tapyndylaryň taryhy, arap hem pars dillerinde ýazylan ýazgylary öwrenmek, terjime etmek, manysyny «çigitlemek», tapyndylaryň çeşmelerini änik-şänik edip, düýp köküne ýetmek... garaz, hysyrdysy ýetik bolupdyr. Aslyýetinde arap-pars dillerindäki çeşmeler sebitiň arheologiýasynyň täze ugruna öwrülipdir. Seretseň beýikligi başyňy aýlaýan, gözleseň dereleriniň çuňlugyna gözüň ýetmeýän Pamiriň özi ýaly bu ýerleriň taryhy, geşmişi, arheologiýasy hem gatbar-gatbar bolupdyr. Şonuň üçin M.Ý.Massonyň onlarça ylmy eserleriniň, şeýle-de şägirtleriniň birnäçe kitaplarynyň bu tapyndylara bagyşlanandygy düşnüklidir. Özem her açyş, täze tapyndy toý-meýlis ýaly gyzyk döredipdir.
1920-nji ýyllarda ol Samarkandyň ülkäni öwreniş muzeýine direktor bellenýär. Bu işde ol tapyndylary seljermek, arheologik gymmatlyklary ylmy taýdan öwrenmek, ylmy-barlaglaryň çygryny giňeltmek, ýadygärlikleriň gurlan senelerini takyk kesgitlemek, haýsy şahsyýetlere degişli bolandygyny anyklamak... ýaly jähetleriň «çuňlugyna» çümýär. Şeýlelikde, arheologiki ylmy düzgünleşdirmek, ýagny gazuw-agtaryşdaky tapyndylary «gepletmegiň» syrlaryny içgin öwrenýär.
«Bu meselede takyk ylymlar bilen ynsanperwer ylymlary «ýugrup», şol hamyrmaýadan anyk kesgitlemäni tapmak ugruny kemala getirendigi üçin ylym Massona minnetdar bolmalydyr» diýip, döwürdeşleri ýazypdyrlar.
1936 — 1939-njy ýyllarda guralan Termez arheologik ekspedisiýasy ine, şu meselä has köp ýykgyn edipdir. Şeýdibem garaşylyşyndanam has uly utuş gazanypdyr. Sebäbi bu ylmy-arheologiki agtaryşlara Daş asyrynyň taryhyna ýetik hünärmen hem çekilipdir. Şu wagta çenli Orta Aziýanyň taryhynda ylmyň bu ugrunyň işlenmändigini ýatlasaň, meseläniň niçiksi wajypdygy düşnükli bolýar duruberýär. Ol alym Leningradly A.P.Okladnikow. Juda hyjuwly, düşünjesi giň bu alym paleolit döwrüne degişli gymmatlygyň — Deşik Daş gowagynda jaýlanan neandertal gonamçylygynyň taryhy gymmatlygyny dikeldýär hem-de ylmy jemgyýetçilige giňden aýan edýär.
Has täsin waka şondan kän wagt geçmänkä bolup geçýär. Hökümet derejesindäki tabşyrykda ähli halk zähmeti, anyk aýdanda, haşar edilip gazylmaly Uly Fergana kanalynyň geçmeli ugrunda gyssagly ýagdaýda arheologik ekspedisiýa guralmaly edilýär. «Haý-haý» bilen gije-gündiz diýen ýaly dynuwsyz ýagdaýda anyklamak hem-de agtarmak işleri ýaýbaňlanýar. Şeýlelikde, kanalyň geçmeli 260 kilometrlik akymynyň ugrunda hem-de kenaryna golaý ýerlerde onlarça gadymy gymmatly ýadygärlikler halas edilýär, görülmedik tapyndylar ýüze çykarylýar, iň esasam, arheologiýa hem-de taryha degişli ajaýyp maglumatlar toplanýar.
Alymyň başga bir aýratynlygy hakda has köp agzapdyrlar. Ol hem M.Ý.Massonyň ylmy hemişe durmuş bilen deň äkitmek, tejribäni, her bir täze tapyndyny ylmyň «terezisinde» çekmegi hökmanylyk hasaplanlygydyr. Hut şu nukdaýnazar bilen ol 1939 — 1940-njy okuw ýylynda Daşkent uniwersitetinde arheologiýa kafedrasyny esaslandyrýar hem-de bassyr 30 ýyl müdirlik edýär. Şeýdibem aznawur alymyň elinde bu ugurdan Orta Aziýa Respublikalarynyň ählisinden, hatda ondan uzagrakdaky ýerlerden hem ýüzlerçe talyplar bilim hem tejribe alýarlar. Şolaryň onlarçasy bolsa türkmenistanlylardyr. Şol ýetişen hünärmenler uzak-uzak ýyllaryň dowamynda arheologiýa ylmynyň «döwülmeýän süňkleri» bolup, ylma hyzmat etdiler, birnäçe ajaýyp açyşlary amala aşyrdylar.
Alym bolsa hemişe arheologik gazuw-agtaryş işlerini toplumlaýyn derejede alyp barmagy, ylaýta-da, gadymy şäherleriň üstünden barlanda ol açyşy ählitaraplaýyn derňemegi hökmanylyk hasaplapdyr. Tapyndylaryň ýaşaýyş, durmuş, milli, däp-dessur, döwrüniň hat-ýazuw taryhy hakdaky möhüm aýratynlyklaryna derwaýys üns bermegi hemişe ündäpdir. Şeýle içgin öwrenilen gadymy şäherleriň biri-de Merwdir.
Kafedrasyny barha giňeldýän hem-de ylmyň däp bolan ugurlaryny içgin ulanýan alym talyplaryna «Orta Aziýanyň numizmatikasy» kursundan leksiýa beripdir. Şonda köpgyraňly alymyň geografiýany, antropologiýany bäş barmagy ýaly bilişi, arap, pars dillerinde suwara gürleýşi haýran galdyrypdyr. Kafedranyň ýanynda bolsa SNAK — talyplaryň ylmy arheologik gurnagy hem döredilipdir. Ol gurnagyň işine ady dile düşen W.W.Struwe, A.Ý.Ýakubowskiý ýaly alymlar hem gatnaşyp, pikir-garaýyşlaryny talyplar bilen paýlaşypdyrlar.
Ýaş, hyjuwly, tüýs «gany gaýnap duran» alymyň hyzmatyna mynasyp baha hem berlipdir. 1936-njy ýylda oňa jemagat öňünde ylmy gorag etmese hem akademikler I.A.Orbeli, W.W.Struwe, professor A.Ý.Ýakubowskiý dagynyň güwälik etmeginde «Arheologiýa ylymlarynyň doktory» diýlen at berilýär, az-kem soňra Ýokary attestasion komissiýa öz çözgüdi bilen ony «Taryh ylymlarynyň doktory» diýip kesgitleýär.
Türkmen topragy alymy aýratyn özüne imrindiripdir. Ol bu ýere eden ylmy-syýahat gözlegleri netijesinde «Turkmenowedeniýe» žurnalynyň 1931-nji ýylda çykan sanlarynyň birinde «Sumbar jülgesiniň gabarasy (taryhy-arheologik oçerk)» atly makalasyny çap etdirýär. 1940-njy ýylda bolsa Respublikanyň hökümeti alymy maslahat-pikir alyşmak üçin Aşgabada çagyrýar.
Bir hakykaty aýratyn nygtamaly. Ol hem 1945-nji ýylda bolup geçen Bütinsoýuz arheologik Gurultaýydyr. Ine, şonuň çözgüdi netijesinde Türkmenistana giň möçberli arheologik ekspedisiýa (ÝUTAKE) guramak hakda karara gelinýär. Şonuň yzýany 1946-njy ýylda SSSR Ylymlar Akademiýasynyň Türkmenistan filialy tarapyndan hem guralýar. Ol «Günorta Türkmenistandaky toplumlaýyn arheologik ekspedisiýa» diýlip atlandyrylýar. Ekspedisiýa ilkinji işini Termezden başlaýar. Sebäbi Amyderýanyň ýokary akymyndaky bu jelegaýlar birwagtlardan bäri türkmenleriň gadymy oturymly mekany bolan. Şol bir wagtda-da Hytaýdan gaýdýan gadymy Ýüpek ýolunyň bir şahasynyň şu ýerlerden geçip, Owganystanyň, Pakistanyň üstünden ötüp, Hindi ummanynyň kenarlaryna, arap ýarymadalaryna çenli uzandygy düşnüklidir. Syýasy-ykdysady gatnaşyklarda, jemgyýetçilik durmuşynda bolsa türkmenleriň taryhy ýörelgeleri, däp-dessurlary, sebitde tutýan orny juda täsirli bolupdyr. Şeýlelikde, dürli ýyllarda diýen ýaly Türkmenistanyň çäginde etnografiýa, antropologiýa, etimologiýa, taryh boýunça 20 çemesi ylmy toparyň işlänligem şonuň bilen baglanyşyklydyr.
Ylmy jemgyýetçilikde gysgaça «ÝUTAKE» diýlip atlandyrylan ekspedisiýanyň işi önjeýli dowam edip, juda netijeli tamamlanýar. Ylmy-gözleg işleri tapgyrlaýyn dowam edip, Orta Aziýanyň dürli künjeklerinde ýüzlerçe, özem diýseň gymmatly tapyndylaryň üstünden barylýar. Ekspedisiýanyň jemleri babatda ýüzlerçe ylmy-publisistik makalalar gazet-žurnallarda, ylmy neşirlerde çap edilýär. Iň esasam, bulardan başga-da, binýatlaýyn esasda «ÝUTAKE-niň işleri» ady bilen 20 tomluk hem-de «ÝUTAKE materiallary» diýlip hem 4 goýberilişde çap edilen ylmy-monografik gymmatlygy agzamak gerek.
Bu ylmy ekspedisiýa gatnaşan kiçi Wladimir Massonyň ýazmagyna görä, Günorta-Günbatar Türkmenistanyň çägine 1951 — 1953-nji ýyllarda edilen ylmy ekspedisiýa şeýle gyzyklanma hem şüweleň döredenligi bilen ýatda galypdyr. W.Masson topara ýaş hem bolsa ýolbaşçylyk edipdir.
«Köpetdagyň belent gerişleriniň etegini syryp, Änewden tä Sarahsa çenli aralygy elek-soky etdik. Bizi parfiýalylar döwrüniň ýadygärlikleri haýran etdi. «Änewdäki SeýitJemaletdin metjidiniň arhitektura gurluşy tutuş Orta Aziýada gaýtalanmajak derejedäki özboluşly arhitektura ýadygärligidir» diýlen netijä geldik. Bu binanyň mozaiki bezegi hatda Samarkantdaky mawzoleýdir minaralaryňkydan hem üýtgeşikdir. Aşgabadyň eteginden gadymy Sarahsa çenli bolan ýörişimizi biz öz ýanymyzdan ýarym degişmede «Isgender Zülkarneýniň yzy bilen» diýip atlandyrdyk. Kakanyň golaýynda orta asyr ýadygärligi bolan Piştag şäheriniň harabasynyň üstünden baranymyzda begenjimizden bir-birimizi gujaklap, asmana uçaýjak bolupdyk» diýip, ol ýatlamalarynda galdyrypdyr.
Nusaýda hem-de Merwde uzak ýyllara çeken gazuw-agtaryş işlerini geçiren toparlaryň zähmetleri has «hasylly» bolupdyr. Bagyr obasynyň alkymynda ilkibada üç topar işläpdir. Olaryň biri köne Nusaýda, beýlekisi täze Nusaýda, üçünjisi bolsa ady Älem çawlan beýik döwletiň galyndylarynda galan syrlary bu gadymy şäheriň eteklerinden agtarypdyr. Ahyrsoňunda bolsa... onlarça ýyllara çeken, özem «iňňe bilen guýy gazan ýaly» diýdirýän azaplydan lezzetli agtaryşlar ylymda öwrülişik etjek täsinligiň üstünden eltipdir.
Näme tapylandyr öýdýäňiz?! Arşakiler hökümdarlygy döwrüniň köşk harabalygynyň üstünden barylýar. Tas bäş ýüz ýyllap öz hökmürowanlygyny ýöreden Parfiýa şalygynyň, ondan soňky Sasanidler döwrüniň hem heniz görülmedik taryhy tapyndylarynyň daşlardyr kesekleriň astynda ýatan altyn sahypalary lowurdap açylýar.
Köne Nusaý harabaçylygyndan tapylan palçyk, mermer heýkeller gala howlusynyň içini edil açyk asmanyň astyndaky muzeýe dönderipdir. Ylym dünýäsini heýjana salan uly açyş bolsa köne Nusaýa degişli şäheriň harabalygynyň aşagyndan sogrulyp alnan 2 müňe golaý gadymy golýazmalar bolupdyr. Parfiýa şalygynyň arhiw dokumentleri hasaplanýan ol gymmatbaha ýazgylar lingwistik ýadygärligi hökmünde hem uly gyzyklanma döredipdir.
Gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde M.Ý.Masson hem-de A.Pugaçenkowa tarapyndan ýazylan «Nusaýdaky Parfiýa ritonlary» atly kitap gazylyp alnan gymmatbaha tapyndylaryň albom görnüşdäki suratlary bilen Italiýada gaýtadan çap edilýär. Sebäbi bu ekspedisiýanyň netijeleri tutuş Ýewropada uly gyzyklanma döredipdir.
Gadymy Merwde geçirilen gazuw-agtaryş işleri hem giň göwrümli häsiýete eýe bolupdyr. 1950-nji ýylda köne Merw harabaçylygyna golaý ýerdäki birwagtky athananyň giň howlusyny lager-rezidensiýa eden topar Gäwürgalanyň gadymy şäherinde topografik meýilnama esasynda gazuw-agtaryş işlerine başlaýar. Ekspedisiýanyň, has anygy, onuň ýolbaşçysy M.Ý.Massonyň geljekki nesilleriň hem-de taryhyň öňünde bitiren unudylmaz hyzmaty Garagum kanalynyň (häzirki Garagum derýasy) çekilip gelinýän ikinji nobatdakysynyň ugrundaky onlarça gadymy ýadygärlikleri, nijeme asyr ozal gurlan şäher harabalyklaryny, kerwensaraýlary, gadymy kerwen ýollaryny halas edenligidir. Has anygy, berk subutnamalar, anyk deliller esasynda kanalyň ugrunyň şol taryhy gymmatlyklaryň ýerleşýän ýerlerinden sowlup geçirilmegini gazanmagydyr.
Ylym dünýäsinde «bäý-bä» diýdiren «hadysa» bolsa Amyderýanyň gadymy akymynyň ugrunda — Merwden Horezme gidýän gadymy Ýüpek ýolunda ýüze çykarylan tapyndylar bolupdyr. Orta asyrlardan habar berýän kerwensaraýlar, arap we pars çeşmelerinde ýazylan daş hem-de kagyz ýazgylary, gadymy köşkleriň döwük-ýenjik kerpiçleriniň müň bir syry gujagynda gizläp oturan harabalyklary, ussat nakgaşlardyr neçjarlaryň gollarynyň gudratyndan edil ýaňy ýasalan ýaly öwşün atyp duran gurallardyr esbaplar, gadymy däpleri süňňüne siňdiren öý goşlarynyň galyndylary... Tapylgysyz hazyna hasaplanýan ol taryhy gymmatlyklar soňra ylym jadysynyň demi bilen «saýrapdyr». Iň esasam, soňra M.Ý.Massonyň galamyndan çykan «Merwden Horezme we Mawerennahra orta asyrlardaky söwda ýoly» atly diýseň gymmatly kitaby döräpdir.
Köne Merwde her ýyl geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde bu ýerde birwagt gurlan ajaýyp şäheriň sudury kem-kemden dikelip ugraýar. Ylmy-seljerme işleri bu siwilizasiýanyň iki döwürde — Parfiýa patyşalygy hem-de Beýik Seljuklar döwründe gülländigini açyk aýan edýär. Bu gymmatly maglumatlar «ÝUTAKE-niň işleri» tomunda öz beýanyny tapýar. Umuman, ady agzalan alymyň galamyndan çykan ylmy makalalaryň sanynyň 400 çemesidigini aýtsaň, bu ylmy ekspedisiýanyň nähili uly möçberde we niçiksi ähmiýetli hem-de görülmedik «hasylly» bolandygy äşgär bolýar duruberýär. Merwde dürli eýýamlardaky gurluşdyr ösüşleriň, dürli dinleriň, ençeme ahlak-milli aýratynlyklaryň bitewi akymynyň parahatçylyk arkaly döreden siwilizasiýasynyň gudraty açylýar.
Seljuklar döwründe Merwde bina bolan şäher gurluşygy çeperçilik aýratynlygy taýdan haýran galarlyklydyr. Şol zamanlarda Merwde palçyk-külalçylyk professional derejä ýetipdir. Ussahanalarda palçykdan bişirilip, haşam berlen dürli gap-gaçlar şeýle bir sünnälik bilen bezelipdir weli, olaryň daşyndaky tebigat keşpleri, dürli jandarlaryň şekilleri, durmuş-ýaşaýyş aýratynlyklaryny açýan görnüşler, mifiologik sýužetler, hatda edebi eserlerden alnan dürdäne setirler, her ussanyň-ussadyň öz nusgasy... hiç jelegaýda tapdyrmaýan özboluşly miras-baýlyk bolup, görenleri haýrana goýup, heýjana salypdyr. Şeýle gymmatbaha parfýumeriýa, külalçylyk önümleriniň hatar tutan kerwenler bilen dürli ülkelerdäki bazarlara ugradylandygy bolsa öz-özünden düşnüklidir.
Çekilen zähmet jogapsyz galmaýar. Alyn deriň alkyşam eçilýär, abraýam. Türkmen ylmynyň öňünde bitiren önjeýli hyzmatlary nazara alnyp, dünýä derejeli alym Mihail Ýewgenýewiç Masson Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy döredilen badyna 1951-nji ýylda ilkinjileriň biri edilip, hakyky agzalygyna saýlanýar. Ol şeýdip, Orta Aziýanyň arheologiýasynyň «atasyna» öwrülýär. Gadymyýetden hazyna agtaran alymyň ömri şeýdip altyn öwüşgine beslenýär.
Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
ýazyjy.
“Nesil” gazeti,
20.01.2018ý.