BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ YLGAW TAÝAJYGY: TIZLIGIŇ AMULDAN HAZARA BARJAK ÇAPARY

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna günündäki mejlisi döwletli Diýarymyza hoş habarlaryň ýene-de ençemesini alyp geldi. Şolaryň arasynda Beýik Ýüpek ýolunyň ylgaw taýajygy hem bar. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz mejlisde hödürlenen nusgalaryň içinden birini saýlap, «Amul — Hazar 2018» ýaryşlaryna ak ýol arzuw etdi.

Bu ýaryşlar, sözüň doly manysynda, hakyky sport baýramçylygyna öwrüler. Eger 2016 — 2017-nji ýyllaryň dowamynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawynyň nyşany ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň içinden geçip, Aşgabada gelen bolsa, ylgaw taýajygy, adyndan hem belli bolşy ýaly, «Amul — Hazar 2018-iň» ylgaw ýaryşlarynda ýurdumyzyň gündogar welaýatyndan Hazar deňzine çenli aralygy geçer. Onda-da ýöne bir geçmek däl-de, ýaryş ruhunda, baýramçylyk öwüşgininde geçer.

Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynyň hormatyna geçiriljek ylgaw ýaryşlary bölekleýin görnüşde geçiriler. Ýagny ýurdumyzyň Lebap, Mary, Ahal, Balkan welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň çäginden geçjek ýaryşlar belli bir aralyklarda tapgyrlaýyn geçiriler. Ýaryşlaryň geçiriljek nokatlary saýlanyp alnanda, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy ýadygärliklere ýakyn ýerler ýa-da şol ýadygärlikleriň ýerleşýän ýerleri göz öňünde tutuldy. Her bir ýaryş nokady birnäçe müň metr aralyga uzap biler. Şol aralyklarda biri-birinden 300-400 metr uzaklykda duran türgenler ylgaw taýajygyny birek-birege geçirmek arkaly ýaryşy dowam ederler. Şeýlelikde, ylgaw taýajygy elden-ele geçip, gadymy Amuldan Hazar deňzine çenli baryp ýeter.

Taýajygyň bezegi Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylyna mahsus aýratynlyklary öz içine alýar. Ýerligi ak reňkdäki taýajygyň esasy böleginde Garagum çölüniň aňňat-aňňat gum depeleri ýerleşdirilipdir. Bu bir tarapdan ýaryşlaryň geçjek ýoluny aňlatsa, ikinji bir tarapdan giňişligi, giň gerimliligi, üçünjiden bolsa Beýik Ýüpek ýoluny alamatlandyrýar. Lebapdan Balkan welaýatyna sary uzaýan ýoluň esasy bölegi hem Garagum çölüniň giňişlikleriniň içinden geçýär.

Taýajygyň öň tarapynda «TÜRKMENISTAN», arka tarapynda «BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY» diýen ýazgylar bar. Şanly ýoluň ýüregine öwrülen eziz Diýarymyz gadymy şan-şöhratyny XXI asyrda hem dowam etdirýär we barha beýgeldýär. Ýazgylaryň Garagumuň giňişliklerini beýan edýän görnüşiň üstünde ýerleşdirilmegi bolsa tüýs ýerine düşen çözgüt bolupdyr.

Taýajygyň öň tarapynyň kompozisiýasyny Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynyň nyşany bezeýär. Onuň edil arka tarapynda bolsa «Amul — Hazar 2018» ýaryşlaryna bagyşlanan nyşan ýerleşdirilipdir. Taýajygyň ini 4, uzynlygy 30 santimetre barabardyr.

Ylgaw ýaryşlarynyň taryhy gadymy asyrlara çenli uzaýar. Türkmen halkynyň taryhyna nazar aýlanymyzda hem ýüwrükleriň ýaryşynyň geçirilip, ýörite ylgaýjylaryň — ýüwrükleriň döwlete gulluk edendigi barada maglumatlara duş gelmek bolýar. Ýaşuly nesliň wekilleri bolsa şeýle ýüwrük adamlaryň ýakyn taryhda hem ýaşap geçendigini gürrüň berýärler. Ýeňil atletika — uzak we gysga aralyklara ylgamak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem barha ösýän sport görnüşleriniň biri. Bu sportuň ösüşinde «Amul — Hazar 2018» ýaryşlarynyň uly orny tutjakdygyny ynam bilen aýdyp bileris.

Täçmyrat BAÝRAMGELDIÝEW,

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

“Nesil” gazeti,

23.01.2018ý.

Meňzeş habarlar