Taryhy maglumatlardan mälim bolşy ýaly, halkymyz ençeme beýik döwletleri döredip, taryhyň şöhratly sahypalaryna öz adyny ýazmagy başardy. Taryhda söwdanyň, ykdysadyýetiň, sungatyň ösmeginde aýratyn orna eýe bolan, Gündogar bilen Günbatary birikdirýän köpri bolup hyzmat eden topragymyz hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregidir. Alys Çyn-Maçyndan gaýdan kerwenler Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen gelip, Türkmenistanyň çäginde birnäçe şahalary emele getirip, dumly-duşa sary uzap gidýär. Ýurdumyz bu uly söwda ýoly üçin diňe bir geçelge bolup hyzmat etmän, eýsem söwdanyň hem gülläp ösen merkezleriniň biri bolandygy barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda giňişleýin beýan edilýär.
Günbatarda «Ähli ýollar Rime barýar» diýlen bolsa gündogarda ähli ýollary özünde jemleýän Marynyň bolandygy dogrusyndaky gürrüňler, Amul, Ürgenç, Dehistan ýaly Diýarymyzyň başga-da dürli ýerlerinde gurlan bazarlar aýdanlarymyzyň aýdyň mysaly bolup durýar. Başga halklaryň köp sanly kerwenleriniň türkmen topragyndan geçmegi söwda-ykdysady gatnaşyklary bilen birlikde medeni gatnaşyklaryň hem ösmegine, baýlaşmagyna getiripdir. Şeýlelikde, bu ýol medeniýetiň hem edebiýatyň täze derejelere çykmagyna ýardam beripdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp kitabynda: «Her bir şahasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmaga mynasyp hasaplanylýan Beýik Ýüpek ýolunyň döremeginde hem-de işjeň hereket etmeginde hem esasy orunlaryň biri türkmenlere degişlidir» diýip belleýär. Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň gündogarda — Hytaýdan, günortada — Hindistandan, günbatarda — Gresiýadan, Müsürden we Rumdan başlanýan ýollaryň kesişýän ýerinde ýerleşmegi bilen dünýä siwilizasiýasynyň gadymy ojaklarynyň özboluşly köprüsiniň wezipesini ýerine ýetiripdir.
Geçmişde Gündogary Günbatar bilen birleşdiren, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, taryhyň dürli eýýamlarynda adamzat siwilizasiýasyna Amul, Änew, Dehistan, Nusaý, Merw, Köneürgenç ýaly medeni ojaklary bagyş eden gadymy türkmen topragy häzirki gün ýene-de dünýäniň ösen döwletleriniň, meşhur syýasatçylarynyň, işewürleriniň, şeýle hem jahankeşdeleriniň, alymlarynyň üns merkezine öwrüldi. Gözbaşyny ençeme müňýyllyklardan alyp gaýdýan halkymyzyň geçmişdäki şöhratly hem buýsançly taryhy baradaky maglumatlar halk döredijilik eserlerimizde, dürli döwürlere degişli oguz-türkmen, parfiýan, pars, arap ýazuw çeşmelerinde, sene ýazgylarynda, şeýle-de bu topraga syýahat eden gündogarly jahankeşdeleriň, Gündogar bilen Günbataryň arasynda gatnaşyklary giňeltmäge goşant goşan syýasy we söwda wekilleriniň ýol ýazgylarynda, türkmen halkynyň taryhy bilen gyzyklanan rus, iňlis, nemes, fransuz, polýak we beýleki ýurtlaryň gündogarşynaslarynyň ylmy-publisistik işlerinde özboluşly beýanyny tapypdyr.
«Paýhas çeşmesi» kitabynda «Ýodany yzlasaň ýola elter, ýoly yzlasaň ile», «Günlük ýola aýlyk azyk», «Ýola çykyp ýoldan gaýtma», «Ýol yzarlan oba tapar» diýen ýaly çuň manyly nakyllar getirilýär. Halkymyz «Ýoluň bolsa ýöreler» hem diýýär. Bu gün Watanymyzda milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda dünýä nusgalyk ýollar gurulýar, halklaryň umumy ösüşiniň esasy ýoly bolan Beýik Ýüpek ýoly gaýtadan dikeldilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda 2018-nji ýyly «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilmegi bu ýylda amala aşyryljak beýik işleriň, ýola goýuljak uly tutumlaryň, Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi babatdaky işleriň asylly başlangyjy bolup durýar.
«Kitap okan gullar magnydan
dokdur...»
Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk işleriniň aýrylmaz bölegi hem halkymyza peşgeş berýän çeper hem ylmy kitaplary bolup durýar. Geçen ýylyň tylla güýzünde geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda hormatly Prezidentimiziň sowgat beren «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaby 2018-nji ýylyň adyny hem özi bilen getirdi. Eserde milli gymmatlyklarymyz monjuk ýaly düzülip, ony birleşdirýän täsin ýüpe meňzedilýän Beýik Ýüpek ýoly öwrenilýär. Bu ajaýyp eser rowaýatlar hazynasy diýsek hem bolar. Onda getirilýän taryhy şahslar we taryhy ýerler bilen bagly ençeme ajaýyp rowaýatlaryň ýurdumyzyň taryhyny hem-de onuň geografik aýratynlyklaryny öwrenmekde ähmiýeti çäksizdir. Şeýle-de ol rowaýatlar ýaş nesli mertlik, gahrymançylyk, ynsanperwerlik we watançylyk häsiýetlerinde terbiýelemekde hem bahasyna ýetip bolmajak gollanmadyr.
Kitapda beýan edilişi ýaly rowaýatlaryň köküniň birligi, Gündogarda bir meňzeş ýordumly eserleriň, dessanlaryň, rowaýatlaryňdyr ertekileriň ýaýramagy bolsa gadymy kerwenler bilen giden adamlaryň: täjirleriň, syýahatçylaryň, zyýaratçylaryň baran ýerlerinde diňe bir söwda-satyk işlerini amala aşyrman, eýsem gören-eşiden, diňlän zatlaryny gelip öz ýurtlarynda gürrüň edip bermekleri, baran ýerlerinde öz milliliklerini ýaýmagy edebiýatlaryň baýlaşmagyna ýardam beripdir. Ata-babalarymyzdan galan «Iýen-içeniň özüňki, gören-eşideniňden habar ber» diýen aýtgy, megerem, şol wakalardan galan bolsa gerek. Gahryman Arkadagymyz: «Rowaýatlaryň köküniň birligi olary birleşdiripdir, kesekiniňki bolup görünýän durmuş wakalary soňra, olaryň özleriniňkä öwrülip gidipdir» diýip kitapda bellemek bilen, edebi eserleriň ýaýramagynyň ýene bir sebäbiniň hem dürli ýurtlaryň, dürli şäherleriň ilatynyň arasynda guda-garyndaşlyk gatnaşyklarynyň bolandygy aýdylýar. Umuman, ykdysady gatnaşyklar ruhy medeniýetiň ösmegine hem getiripdir.
Kitabyň başynda türkmenleriň gülläp ösmeginiň syrynyň agzybirlikdigi dogrusynda rowaýat aýdylsa, kitap okamagyň ynsana niçik zerurdygy hakda rowaýatda sadaka bermek, ýagşylyk etmek bilen bir hatarda kitap okamagyň hem sogap işdigi, adam üç günläp kitap okamasa, onuň ýüreginiň poslap başlaýandygy, onsoň ol adam hiç bir gowulygy, şowlulygy görüp bilmeýändigi barasyndaky aýdylýan pikirler terbiýe mekdebidir. Okyjyny turuwbaşdan pikir ummanyna atarýan ýüpegiň Hotana ýaýraýşy, türkmen halkynyň merdanalygy, garyndaşlary bilen gatnaşmaýan söwdagär, Mäne babanyň atyny alan ýigdekçe baradaky rowaýatlar kitabyň many ýüküni has-da agraldýar.
Rowaýatlarda Mäne baba, Zakariýa al-Kazwini, Abu Muhammet al-Bagawy, Muhammet al-Abywerdi, Bahaweddin, Mähri külal, Ubeýda ýaly taryhy şahslar barasynda hem aýdylýar.
Rowaýatlaryň käbirlerinde bolsa ýer-ýurt atlarynyň, başga-da dürli geografik atlaryň gelip çykyşy dogrusynda aýdylýar. Kitapda «Çärjew» adynyň döreýşi, Amulyň derýasy diýen manyny berýän «Amyderýa» adynyň gelip çykyşy, galanyň goralyşy baradaky wakalar bilen bagly «Kaka» atlarynyň döreýşi baradaky rowaýatlar getirilip, olaryň ylmy taýdan hem gymmatly çeşmedigini, terbiýeçilik ähmiýetiniň-de bardygyny aýdyp bileris.
Kitapda Seýit Jemaleddin, Paraw bibi, «Üç ýüz altmyş», Mäne babanyň aramgähi ýaly keramatly ýerler barasynda hem aýdylýar. Bu ýerleriň näçenji asyrda bina bolandygy, olar dogrusynda halk arasynda ýaýran aýtgylar, rowaýatlar, hatda käbir rowaýatlaryň bolsa iki ýa-da üç nusgasynyň hem berilmegi, bu taryhy şahsyýetler dogrusynda içgin öwrenilendiginden habar berýär. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy ýerler dogrusynda, rowaýatlar hakynda özüniň jöwher paýhasyndan dörän gymmatly pikirlerini aýtmagy eseri has-da çeperleşdirýär.
Mundan başga-da kitapda üç sany halk arasynda meşhur bolan dessanlar — «Leýli-Mežnun», «Şasenem-Garyp», «Zöhre-Tahyr» dogrusynda, olaryň döreýşi babatynda aýdylýar. Onda «Kerwenbaşy», «Ýüz tylla» ýaly meşhur ertekiler hem mynasyp orun alypdyr. Kitapda türkmen halk döredijiliginiň bir parçasy bolan nakyllar eseriň çeperçilik gymmatyny artdyrýar. «Myhman ataňdan uly», «It üýrer kerwen geçer», «Ýagşy niýet — ýarym döwlet», «Köp ýaşan bilmez, köp okan biler» diýen ýaly nakyllaryň, aýtgylaryň, rowaýatlaryň jöwher pikirleriň içinde gelmegi hormatly Prezidentimiziň bu eseriniň halk döredijiliginden ýüküniň ýetikdigini aýan edýär.
Döwlet Baştutanymyzyň bu täze eseri halkymyzyň taryhy ýoluna anyk baha bermäge, onuň milli medeniýetiniň özboluşlylygy, däp-dessurlary we durmuş ulgamy bilen tanyşmaga, gadymy türkmen halkynyň dünýäniň ylmy we medeni ösüşine goşan goşandyna has aýdyňlygy bilen göz ýetirmäge uly mümkinçilik berýär.
Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň il bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! Goý, eziz Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Soltangeldi BABAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy.
“Nesil” gazeti,
30.01.2018ý.