HAZAR — DOSTLUK DEŇZI

Biziň mähriban Watanymyz dünýäniň çar ýanyna uzaýan ýollaryň merkezinde ýerleşýär. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara ulag ulgamyna sazlaşykly goşulyşmagy üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Eziz Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, ýurdumyzda Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlary döwrebap derejede täzeden dikeldilýär, bu ugra umumadamzat jemgyýetiniň ünsüni çekmekde uly işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylan kitabynda bu ýoluň döwletleriň gülläp ösmeginde aýratyn ähmiýetlidigi beýan edilýär. 2018-nji ýyla «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip at berilmegi bu ugurdaky başlangyçlara berilýän ünsüň uludygyny görkezýär. Halkara ulag ulgamynyň kemala gelmegi we ösdürilmegi ýurduň eksport mümkinçiliklerini doly derejede ulanmaga, dünýä bazaryna ýokary hilli harytlaryň çykarylmagyna, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berýär. Ulag ulgamynyň ösdürilmegi bilen, ýurtlaryň arasynda parahatçylykly, dost-doganlykly we medeni-durmuş gatnaşyklary ýola goýulýar.

Ýurdumyzyň möhüm geosyýasy we ulag-aragatnaşyk merkezleriniň biri hem Hazar sebitidir. Bu Türkmenistanyň deňiz ugry boýunça ýolagçy gatnatmagyň we ýük daşamagyň ösüşinde Merkezi Aziýa we Hazar deňzi kenarýaka ýurtlarynyň halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna doly goşulmagynyň möhüm şertidir. Häzirki wagtda Hazar deňzi dostluk deňzi bolup, möhüm ulag-aragatnaşyk ugry hökmünde köpleriň ünsüni özüne çekýär. Deňziň kenarynda 5 döwlet — Türkmenistan, Eýran, Azerbaýjan, Gazagystan, Russiýa ýerleşýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan Hazar deňzi boýunça goňşy ýurtlar bilen netijeli hem-de sebitde özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça giň gerimli işleri geçirýär. Ýurdumyz Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň taslamasyny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar. Bu binýatlaýyn resminama Hazarda halkara hyzmatdaşlygynyň hukuk çäklerini bellemelidir. Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Aşgabatda, Tähranda, Bakuda we Astrahanda geçirilen duşuşyklarynyň her biri bu bäş ýurduň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalary ilerletmekde möhüm tapgyr boldy. Bu ugurda gazanylan öňegidişlikler sebitiň ýurtlarynyň Hazar deňzini dostluk we ylalaşyk deňzine öwürmek baradaky meýilleriniň birdigine, netijeli gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyna şaýatlyk edýär.

Milli Liderimiziň bu ugurda öňe süren döredijilikli başlangyçlary Hazar deňzinde köpugurly gatnaşyklaryň mäkäm şertnamalaýyn-hukuk binýadyny döretmekde uly goşant boldy. Türkmenistanyň teklipleri bilen möhüm halkara resminamalar işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi, olaryň hatarynda Hazar deňziniň biologiki serişdelerini goramak we rejeli peýdalanmak hakynda ylalaşyk hem-de Hazarda adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyk bar.

Ýakyn döwürde Hazaryň kenarynda diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýanyň baş «deňiz derwezesiniň» wezipesini ýerine ýetirjek täze deňiz menzili peýda bolar. Halkara deňiz portunyň täze taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi Türkiýä we Ýewropa ýurtlaryna, Zakawkaziýa we Gara deňziň sebitlerindäki ýurtlara çykmaga mümkinçilik açar. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, esasy maksat Merkezi Aziýanyň, Hazar deňziniň sebitiniň döwletleriniň Türkiýä we Ýewropa ýurtlaryna çykmagyny nazara alyp, Zakawkaziýe hem-de Gara deňziň sebiti bilen birleşdirýän täze geoykdysady giňişligi döretmekdir. Bu taslama Hytaý, Hindistan, Pakistan, Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary ýaly örän uly ykdysady merkezlere çykmak bilen, geljekde ulag üpjünçilik ulgamyny günorta we gündogar ugurlary boýunça giňeltmegi hem göz öňünde tutýar. Bu bolsa ählumumy geoykdysadyýetde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini has-da giňeltmek diýmekdir.

Türkmen deňiz ýakasynda kemala gelýän döwrebap ulag-logistika düzüminiň tutuş Hazar sebitiniň multimodal merkezi bolmagy üçin ähli mümkinçilikleri bar. Güýçli depginde gurulýan, döwrebap tehnikalar bilen üpjün edilýän Türkmenbaşy şäherindäki täze Halkara deňiz porty Ýewropa ýurtlarynyň Ýakyn we Orta Gündogaryň haryt hem-de çig mal bazarlaryna we Hindi ummanynyň kenaryndaky döwletlere çykmagy üçin ähli amatly şertleri döredip, uly möçberdäki ýükleri daşamagyň ýoluny hem-de sarp edilýän wagtyny ep-esli gysgaltmaga mümkinçilik berer.

Täze gurulýan halkara deňiz porty 7 sany esasy terminallardan ybarat bolup, ýolagçy, konteýner, ürgün ýük, umumy ýük, gämi gurluşyk we abatlaýyş, otly daşaýan terminallaryny öz içine alýar. Gämi abatlaýyş we gurluşyk zawodynyň gurulmagy milli flotumyzyň kuwwatynyň üstüni ýetirmäge, hereket edýän gämileriň ýylda 30-a golaýyny abatlamaga mümkinçilik berer. Logistika merkeziniň döredilmegi, konteýner terminalynyň gurluşygy Hazar sebitinde ýük daşamakda wajyp orny eýelär. Deňiz menzili ugrukdyryjynyň we ýük daşalyşynyň howpsuzlygyny hem-de netijeliligini, şeýle hem daşky gurşawy goramagy üpjün etmek üçin zerur bolan iň häzirki zaman programma-abzallar toplumlary bilen enjamlaşdyrylar. Menziliň çäklerinde gämileriň hereketine gözegçilik ediş, ähli bölümlerde ýük ýükleýiş-düşüriş işleri awtomatlaşdyrylan ulgamyň hem-de elektron tehnologiýalaryň kömegi bilen dolandyrylar. Hazar deňziniň ekologiýasyny gorap saklamak maksady bilen, her terminalda bioarassalaýyş enjamy gurnalar.

Ýurdumyzda alnyp barylýan her bir tutumly iş ýaşlaryň ykbaly bilen aýrylmaz baglydyr. Nesip bolsa, Türkmenbaşy şäherinde gurulýan Halkara deňiz portunyň ulanyşa girizilmegi 2500-den gowrak iş orunlarynyň döredilmegini üpjün eder. Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň we onuň esasy düzümleýin desgalarynyň gurluşygynda peýdalanylýan taslama çözgütleri, täze tehnologiýalary ýerinde düýpli öwrenmekleri üçin talyplaryň yzygiderli önümçilik tejribeligini geçmekleriniň ýola goýulmagy guwandyryjydyr. Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň ulaglar fakultetiniň Suw ulagy kafedrasy hem Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýär. Bu kafedrada üç hünär — «Gämi sürmeklik», «Gämileriň energetiki desgalarynyň ulanylyşy» we «Gämi gurluşygy» boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda Suw ulagy kafedrasy öz işinde Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugyna degişli edara-kärhanalary (Türkmenbaşy Halkara Deňiz porty, Türkmenbaşy şäherindäki Türkmen deňiz söwda floty müdirligi, Türkmenabat şäherindäki «Derýaýollary» önümçilik birleşigi we beýlekiler) bilen aragatnaşygy saklaýar. Degişli ugruň hünärleri boýunça ýaşlarymyzyň köp sanlysynyň hyzmatdaş ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýandyklary hem bellenilmelidir.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň ösüşiniň geljekki mümkinçiligi nazarda tutulyp, özara ýük dolanyşygynyň möçberleriniň ýokarlanmagyna hem-de Türkmenbaşy — deňiz menziliniň üsti bilen bu ýurtlara üstaşyr geçirilýän ýükleriň akymynyň artmagyna garaşylýar. Awto-ýolagçy daşalyşy hem ulag gatnawlarynyň giňemegine itergi berer. Bu babatda gurluşygy alnyp barylýan Türkmenbaşy — Farap, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran we Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýollarynyň ähmiýeti uludyr.

Ýazpolat KERIÝEW,

TMÝG-niň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy.

“Nesil” gazeti,

01.02.2018ý.

Meňzeş habarlar