WATANYŇ GELJEGI ÝAŞLAR

Ýurdumyzyň daşary we içeri syýasatynda gazanylýan beýik üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler döwletimiziň binýadynyň örän berkden tutulýandygyndan habar berýär. Bu ýetilýän sepgitleriň sakasynda bolsa mähriban Arkadagymyzyň halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmak ugrunda bimöçber atalyk aladalary durandyr. Çünki biziň döwletimizde baş şygar «Döwlet adam üçindir!».

Ýurdumyzda ýaş nesillerimiz baradaky alada hem öz mynasyp ornuny tapýar. Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň röwşen geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesillerimiz baradaky aladany elmydama üns merkezinde saklaýar. Olara döwrebap bilim, terbiýe bermek, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek baradaky aladalar baş wezipeleriň biri bolup durýar. Sebäbi şu günki ýaşlarymyz baradaky alada Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň röwşen geljeginiň kepili bolup durýar.

Bu röwşen geljek bolsa ýaşlarymyzdan çuňňur ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, öz ata Watanyny jany-teni bilen söýýän, gujurly-gaýratly, ruhubelent adamlar bolup ýetişmeklerini talap edýär. Gahryman Arkadagymyzyň: «Biziň baş maksadymyz belent adamkärçilikli, ýokary ahlakly, aň-düşünje babatda kämil, Watanyň gaýratly, päk wyždanly, zähmetsöýer ogullaryny we gyzlaryny terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr» diýip belleýär.

2013-nji ýylda türkmen ýaşlaryna döwletimiz tarapyndan ähli goldawlary hukuk taýdan kepillendirilýän Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakyndaky Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu kanunyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň» kabul edilmegi, şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanylmagy bolsa ýurdumyzda ýaşlarymyza berilýän ünsüň çäksizdiginiň mysaly bolup durýar.

Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň hukuklarynyň, erkinliginiň we goldanmagynyň amala aşyrylmagyna gönükdirilen durmuş-ykdysady, syýasy, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamydyr.

Bu maksatnamada berkarar döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň ykdysady, syýasy we medeni durmuşynda ýaşlaryň doly derejede gatnaşmagy üçin zerur bolan şertleri döretmek göz öňünde tutulan. Şeýle-de ýaş nesilleri halkymyzyň ruhy-ahlak däpleri we sagdyn durmuş kadalary esasynda, watançylyk, ynsanperwerlik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek wezipeleri goýulýar. Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işi bilen aýrylmaz baglydyr.

Möhüm işleri amala aşyrmak boýunça öňümizde duran wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin biz, ilkinji nobatda, döwlet, kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji häkimiýetiň, şeýle hem eýeçiligiň görnüşine garamazdan degişli edara-kärhanalar bilen bilelikde netijeli işleri alyp barmalydyrys.

Biz — ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky bimöçber aladalaryna jogap edip, öňde duran wezipeleri durmuşa geçirmäge bolan yhlasymyzy gaýgyrmarys. Öz wezipe borjumyzy ak ýürekden ýerine ýetirip, mähriban Arkadagymyza wepaly bolarys. Ýaş nesilleriň häzirki we geljekki bagtyýar durmuşyny üpjün etmek barada edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys!

Maksat JANMYRADOW,

TMÝG-niň Mary welaýat geňeşiniň başlygy.

“Nesil” gazeti,

03.02.2018ý.

Meňzeş habarlar