Uzak Gündogardan gözbaş alyp, Günbatarda Ortaýer deňzine çenli uzap gidýän Beýik Ýüpek ýoly Türkmenistanyň çäginde hem birnäçe şäherleriň, galalaryň, kerwensaraýlaryň üstünden geçipdir. Bu bolsa türkmen topragynda ýerleşen şäherleriň ählitaraplaýyn gülläp ösmegine amatly şert döredipdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyzyň baý taryhyny öwrenmäge we ýaş nesle wagyz etmäge uly ähmiýet berilýär. 2018-nji ýylyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylmagy hem munuň aýdyň mysalydyr. Bu günki gün Türkmenistan dürli ulag ýollarynyň sazlaşykly ösüşi bilen özüniň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky möhüm söwda merkezleriniň biri hökmündäki gadymy şöhratyny döwrebap görnüşde dikeldýär.
Adamzat jemgyýeti döräli bäri, onuň ösüşi hiç wagt aragatnaşyksyz bolmandyr. Adamlaryň urug jemgyýetleriniň, taýpalaryň, ýurtlaryň, halklaryň we olary ykdysady we syýasy taýdan birleşdiren ýurtlaryň arasynda hemişe aragatnaşyk bolupdyr. Biz gadymy döwür taryhymyza nazar aýlasak, adamzat jemgyýetiniň bürünç zamanyndan başlap, käbir ýurtlarda ondan hem ep-esli ozal aragatnaşygyň peýda bolandygyny bilýäris.
Bütin dünýäde meşhur bolan «Beýik Ýüpek ýoly» adynyň gelip çykyşy barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyza sowgat beren «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda gymmatly maglumatlary bermek bilen: «Beýik Ýüpek ýoly gadymyýetde we orta asyrlarda Hytaý bilen Alynky Aziýany, Ortaýer deňzini birleşdiren halkara ýolunyň hem-de içki kerwen ýollarynyň rowaýata öwrülen şertli adydyr. Baryp orta asyrlarda wenesiýaly täjir, geograf, jahankeşde Marko Polo bu ýola «Ýüpek ýoly» diýen ady berýär» diýip belleýär. Şol bir wagtyň özünde bu adalgany häzirki zaman leksikamyza girizen şahsyýetiň nemes alymy, geolog, geograf we syýahatçy, geomorfologiýanyň esasyny goýan Ferdinand Paul Wilgelm fon Rihthofendigini nygtaýar.
Beýik Ýüpek ýolunyň kerwen ýollarynyň köp ugurlary Ortaýer deňzinden tä Hytaýa çenli baryp, gadymy geçmişde we orta asyrlarda söwda gatnaşyklary we Günbatar bilen Gündogaryň medeniýetleriniň arabaglanyşygyny üpjün etdi. Beýik Ýüpek ýolunyň has köp bölegi Orta Aziýanyň, şol sanda Türkmenistanyň üstünden hem geçipdir. Hytaýyň ýüpegi, Hindistanyň hoşboýlary we gymmat baha tebigy reňkli daşlary we ençeme başga-da harytlar bilen ýüklenen kerwenler Garagumuň içinden Merwiň we Horezmiň jülgelerinden, Murgabyň we Amyderýanyň üstünden aşypdyrlar. Kerwenleriň ugrunda baý-baý şäherler, söwda-senetçilik ilatly ýerler, kerwensaraýlar, metjitler we medreseler gülläp ösüpdir.
Şol wagtlardan galan ençeme taryhy ýadygärlikler bar. Olaryň arasynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä taryhy ýadygärlikleriniň sanawyna giren gadymy we orta asyr binagärligiň merjenleri — Gadymy Nusaý, Köneürgenç we Gadymy Merw ýadygärlikleri bar. Diýarymyzda alnyp barylýan gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde gadymy taryh dikeldilýär, dürli etniki jemgyýetleriniň döreýşi we ösüşi, ykdysadyýeti, ýaşaýşy, medeniýeti şeýle-de özara medeni täsirleri we halkara hyzmatdaşlygy öwrenilýär.
Iri şäherleriň üstünden geçen Beýik Ýüpek ýoly söwdanyň we senetçiligiň ösmegine ýardam beripdir. Taryhy çeşmelerde Merw, Sarahs we Nusaý söwda-satuw we pul dolanyşygyň ösen ýerleri hökmünde tanalýar. Iri şäherlerde bazarlar söwdanyň we senetçiligiň merkezleri bolup, olaryň içinde dokmaçylyk has giňden ýaýran önümçilik bolupdyr. Dokma önümleri ýüňden, kendirden, pagtadan we ýüpekden dokalypdyr. Merwde, Abywertde, Nusaýda dokalan matalar bolçulygyň we aňrybaşlylygyň nyşany hasaplanypdyr. Dokma önümçiliginden başga-da bu şäherlerde küýzegärlik, zergärlik, çüýşe we deri önümçiligi giňden ýaýrap, ol daşky we içki bazarlary gerek zatlar bilen üpjün edipdir.
Orta Aziýanyň we Ýewropanyň arasyndaky söwda we medeni gatnaşyklarynyň ösmeginde Horezmiň merkezi şäheri bolan Ürgenç uly ähmiýete eýe bolupdyr. Arap çeşmelerinde harytly kerwenleriň Bulgariýadan Horezme we yzyna hemişe gatnaýandyklary baradaky maglumatlar bar.
Taryhy çeşmelerde Sarahs hem söwdanyň ösen ýerleri hasaplanypdyr. Al-Astahriniň maglumatlaryna laýyklykda, Sarahs Horasanyň töwerekleriniň şäherlerinden getirilen harytlar üçin ýük düşürilýän ýer bolupdyr. Söwda şäheri hökmünde Sarahs özüniň däne önümleri bilen belli bolupdyr. Al-Mukaddesi Sarahsyň söwdada wajyp ähmiýetini we onuň söwda ugrunda amatly ýerleşişini belläp, «Sarahs kerwen ýollarynyň kesişýän ýeri. Bu şäherde hiç bir harydyň ýetmezçiligini duýup bolmaýar, sebäbi kerwenler ýöne gelip-gidip dur» diýip belleýär.
Goňurdepeden tapylan täsin tapyndylar, ýagny daşdan ýasalan silindrik görnüşli möhürler gadymy Marguşyň ýaşaýjylarynyň Mesopotamiýa bilen ýakyn arabaglanyşyklarynyň bolandygyny görkezýär.
Türkmenistan gadymy Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeldýär, ýagny transmilli awtoulag, demirýol we gazgeçirijileriň üsti bilen daşary ykdysady hyzmatdaşlygy, medeni we syýahatçylyk gatnaşyklary ösdürýär.
Myrat AÇILOW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň Dünýä taryhy kafedrasynyň mugallymy.
“Nesil” gazeti,
03.02.2018ý.