WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Halk maslahatynyň şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap polisiýa bölümi bilen bilelikde guramagynda Aşgabat şäheriniň 120-nji orta mekdebiniň mejlisler zalynda «Gyz görki gyzyl gül» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Çärede çykyş edenler ilki bilen gyzlaryň edepli-ekramly bolup ýetişmeginde, maşgala terbiýesiniň ähmiýeti barada belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ruhubelent, sagdyn, aňly-düşünjeli, giň dünýägaraýyşly kämil nesilleriň aýdyň geljegi üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Akpamyk ORAZMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

18 Iýul 2025 | 7 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

18 Iýul 2025 | 7 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Iýul 2025 | 59 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI