Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň etrap bilim bölümi, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda etrabyň 4-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasyndan dörän «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň halk köpçüligine gowuşmagy mynasybetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň başynda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly ajaýyp eserinde Gündogaryň şygryýet äleminiň ussady – Magtymguly Pyragynyň ömür ýoly, bitiren ägirt işleri, beren öwüt-nesihatlary barada beýan edilýändigini uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Baý many-mazmunly eseriň watandaşlarymyzda uly gyzyklanma döredip, halkymyzyň ýan kitabyna öwrüljekdigini nygtadylar.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny, döwet galamynyň ýiti bolmagyny arzuw etdiler.
Abat MÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň işgärleriň işi
boýunça esasy hünärmeni.