«MEDENI MIRASYM – MÜDIMI MIRASYM»

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşiniň Magtymguly etrap Polisiýa bölümi bilen bilelikde gurnamagynda etrabyň 19-njy orta mekdebiniň mejlisler zalynda ýaş nesillerde taryhy we medeni mirasymyza hormat goýmak we aýawly garamak endiklerini terbiýelemek hem-de ene-mamalarymyzyň milli ýörelgelerini, halal zähmet terbiýesini wagyz etmek maksady bilen, duşuşyk geçirildi. Oňa Magtymguly etrabynyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar.

Duşuşykda çykyş edenler türkmen halkynyň gadymy medeni mirasynyň, ruhy gymmatlyklarynyň asyrlaryň dowamynda barha baýlaşyp, kämilleşip gelendigi, häzirki wagtda halkymyzyň baý durmuş tejribesi esasynda toplanan milli ruhy medeni mirasyny öwrenmek, toplamak, olaryň gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak, hasaba almak we geljekki nesillere ýetirmek babatynda möhüm wezipeleriň durmuşa geçirilýändigi dogrusynda gürrüň etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlar hakynda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

 

Bägül BOÝALYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Magtymguly etrap

Geňeşiniň başlygynyň w.w.ý.ý.

Meňzeş habarlar

15 Fewral 2025 | 122 okalan

KITAP – RUHY HAZYNA

15 Fewral 2025 | 64 okalan

«MEDENI MIRASYM – MÜDIMI MIRASYM»