KITAP – RUHY HAZYNA

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Etrek etrap Geňeşiniň gurnamagynda etrabyň 2118 harby bölüminiň ýygnaklar zalynda harby gullukçylaryň gatnaşmagynda maslahat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň ähmiýetini, many-mazmunyny, çeperçilik aýratynlyklaryny giňişleýin beýan edip, ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly gollanmadygyny nygtadylar.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, olaryň ruhy we beden taýdan sagdyn bolmagy, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Mukam ÇÜRIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Etrek etrap

Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

15 Fewral 2025 | 122 okalan

KITAP – RUHY HAZYNA

15 Fewral 2025 | 64 okalan

«MEDENI MIRASYM – MÜDIMI MIRASYM»