«RUHY WE BEDEN TAÝDAN SAGDYN NESILLER – BAGTYÝAR GELJEGIMIZIŇ EÝELERI»

Şeýle şygar bilen şu gün Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi hem-de Arkadag şäheriniň hukuk goraýjy edaralary bilelikde guradylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beren gymmatly tabşyryklary, öwüt-ündewleri, maslahatlary esasynda Arkadag şäheriniň döwrebap mümkinçiliklerini wagyz etmek, ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň watansöýüjilik, milli däp-dessurlara wepalylyk, maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ruhunda terbiýelenmegini gazanmak, aň-bilim mümkinçiliklerini ösdürmek, olara türkmençilik ýol-ýörelgelerini düşündirmek, ýaramaz gylyk-häsiýetlerden, ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmagyny gazanmak maksady bilen geçirilen wagyz-nesihat çäresinde terbiýeçilik ähmiýetli çykyşlar diňlenildi. Täsirli we baý mazmuna eýe bolan çykyşlar çärä gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

 

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.