TÜRKMEN DIPLOMATIÝASY ÖSÜŞ ÝOLUNDA

Düýn Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan: parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek ýoly bilen!» atly «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda geçirilen bu duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy Aýgözel Baýramowa, bu institutyň talyby Hojamyrat Baýlyýew hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň bölüm müdiri Mekan Ataýew myhman hökmünde çagyryldy. Myhmanlaryň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» bellenilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni aýratyn mana eýedir. Çünki ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryny ösdürmekde, halklaryň arasyndaky dost-doganlygy gazanmakda, dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde diplomatik işgärleriniň orny uludyr. Çykyş edenler türkmen diplomatiýasyny ösdürmekde ägirt uly işleri durmuşa geçiren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar