Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda halkara gatnaşyklar ulgamynda halklaryň we döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk hil taýdan täze mazmuna eýe bolýar.
Hormatly Prezidentimiziň dost-doganlygy pugtalandyrmaga, eşretli durmuşy üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary we oňyn ädimleri türkmenistanly ýaşlarda buýsanç, çuňňur hoşallyk duýgularyny döretmek bilen, dünýäniň onlarça ýurtlarynyň ýaş nesliniň hem ünsüni özüne çekýär. Biziň ýurdumyz hakykatdan hem arzuw-maksatlaryň hasyl bolýan mekany hökmünde tanalýar. Dünýä jemgyýetçiligini ýakymy bilen tolgundyrýan beýik işler dost-doganlyk, duýgudaşlyk üçin hiç hili serhediň, päsgelçiligiň ýokdugyny subut edýär. Ýurdumyzda halkara derejesinde geçirilýän çagalaryň we ýaşlaryň dostluk aýdym-saz festiwallary, sport, döredijilik bäsleşikleri birek-birek bilen tejribe alyşmaga, ýurtda amala aşyrylýan düýpli özgerişlikler, şol sanda ýaş nesliň bähbitlerine gönükdirilen işler halkara hyzmatdaşlygynyň ösmegine ýardam edýär. Türkmen ýaşlary myhmana sylag-sarpa goýmak ruhunda terbiýelenendir. Şonuň bilen birlikde olar ata-babalaryň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna daýanyp, häzirki zaman durmuş ýörelgelerini hem kämil özleşdirmegi başarýarlar.
Döwlet Baştutanymyzyň dünýäde bolup geçýän jemgyýetçilik syýasy, ylmy-tehnologiki ýagdaýlardan habarly we olary dogry seljerip bilýän türkmenistanlylaryň täze neslini kemala getirmekde bitirýän hyzmatlary ählihalk ykrarnamasyna mynasyp boldy. Ýurduň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlaryň sanlarynyň artyk kabul edilmegi bu ugurdaky ösüşiň ýokary depginlerini görkezýär. Daşary ýurtlaryň iri ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlaryň okap bilim almagy dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da artmagyna getirýär.
Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň bilime, ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösmegine nä derejede uly ähmiýet berýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Aşgabatda Merkezi Aziýa, Ýewropa ýurtlarynyň ilçihanalarynyň sanlarynyň artmagy, türkmen paýtagtynda ekologiýa meseleleri boýunça halkara maslahatlaryň we beýleki çäreleriň yzygiderli geçirilmegi, Owganystana berilýän ynsanperwer kömegiň dowamly häsiýete eýe bolmagy Türkmenistan bilen serhetýaka ýurtlarda durnukly syýasy ýagdaýy emele getirdi we has hem dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýakynlaşdyrdy.
Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň mejlisler jaýynda Hytaý Halk Respublikasynyň döwlet işgärleriniň we ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Bu maslahatyň dowamynda halkara hyzmatdaşlygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmek ugrunda birnäçe meselelere garaldy we pikir alyşmalara giň orun berildi. Gelejekde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has hem ösdürip, durmuşa ornaşdyrmaly çäreleriň maslahaty edildi. Maslahata daşary ýurtdan gelen žurnalistler we ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjy myhmanlar türkmen-hytaý halkara gatnaşyklarynda medeni, ykdysady, söwda ulgamlarynda amala aşyryljak ikitaraplaýyn işleriň mazmuny bilen tanyşdylar. Hytaýly kärdeşlerimiziň biri öz çykyşynda Gahryman Arkadagymyzyň dost-doganlyk gatnaşyklarynda daşary we içeri syýasatynda durmuşa geçirýän beýik işleri bilen dünýä ýüzünde belli Lider hökmünde tanalýandygyny buýsanç bilen aýtdy.
Bezirgen ATAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.
“Nesil” gazeti,
10.02.2018ý.