Öz Watanymyzyň, mukaddes topragymyzyň taryhyny bilmek şu günümiziň gadyr-gymmatyna çuňňur düşünmäge kömek edýär. Belent ösüşlere beslenen gözel Diýarymyzyň şöhratly taryhy hem, bagtyýar şu güni hem nesillerde buýsanç çeşmesidir. Asyrlaryň synagyndan geçip, ata-babalardan miras galan ruhy we maddy gymmatlyklarymyzyň öwrenilişi bagtyýarlyk döwründe has giň gerime eýe boldy. Milli Liderimiziň döredýän mümkinçilikleri geçmiş taryhymyzy köptaraplaýyn, düýpli we çuňňur öwrenmäge doly ýol açýar, öňe sürýän başlangyçlary hem halkara jemgyýetçiliginde uly goldaw tapýar. 2018-nji ýyl «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýyly diýlip atlandyrylmagy hem bu sözleri doly tassyklaýar.
Ýurdumyzyň ähli sebitleriniň hem özboluşly taryhy bar. Milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp eserinde beýan edişi ýaly, «Beýik Perwerdigär türkmene şanly ykbal, sowulmaz döwran, tükenmez paýhas-parasat, baky bagtyýarlyk eçildi». Şol beýiklik hem taryhda adamzat siwilizasiýasynyň has ýokary göterilmegine mynasyp goşandyny goşdy. Bu taryhy hakykat hakynda dürli asyrlarda Gündogaryň meşhur taryhçylary saldamly ylmy eserleri, ygtybarly maglumatlary miras galdyrypdyrlar. Şol sahypalardan biziň günlerimize gelip ýeten setirleriň beýany, many-mazmuny milli Liderimiziň bu ajaýyp kitabynda öz öwüşginini tapýar. Taryhy eserlerde bu topragyň behişde deňelýändigi gaýta-gaýta nygtalýar. Bag-bakjaly bossanlyklar, guş-gumruly çemenzarlyklar, küren obalar, ululy-kiçili etraplar, meşhur alymlar, täsin oýlap tapyşlar, tanymal sazandalar, uly bazarlar, kaşaň kerwensaraýlar, mekdep-medreseler, kitaphanalar, milliondan agdyk ýerli ýaşaýjylar we şoňa barabar gelip-geçýän söwdagärler, jahankeşdeler, alymlar we talyplar hakda söhbet edilýär. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen şäherler, türkmen oba-kentleri gür ilatly bolupdyr. Il arasyndaky taryhy gürrüňlere görä, Merwden tä Köneürgenje çenli oturymly ilat bar ekeni. Häzirki günde hem şol ugurda köp sanly taryhy ýadygärlikleriň bar bolmagy, gabat gelmegi halk hakydasynda berkän bu maglumatlary tassyklaýar. Milli Liderimiz: «Türkmenistanyňýaýylyp ýatan giňişliklerindäki sudur bolup galan şol ýollardan bireýýämden bäri düýe kerwenleri gatnamaýar. Ýöne ýokardan, kosmosdan, Internetiňkömegi bilen hemmelere elýeterli bolan, emeli hemradan düşürilen suratlara ünsli seredip, täsin şekilleri görmek bolýar. Garagumuňçägeli landşaftynyňähli ýeri alaňlaryňhem-de takyrlaryňaralaryndan, derýalaryňköne hanasynyňtöwereklerinden, dag ulgamlarynyňarasyndan aýyl-saýyl görünýän, inçejik sapaklardan örülen tor bilen örtülipdir» diýip, bu hakykatyň çeper beýanyny berýär. Şol taryhy ýerlerde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleri netijesinde diňe bir gadymy gymmatlyklar däl, eýsem ençeme asyrlap çägelige basyrnyp ýatan birnäçe gadymy şäherleriň, obalaryň, düşelgeleriň üsti açyldy. Gadymy Marguş döwletiniň açylmagy muňa mysal bolup biler. Şol ýerlerden tapylan gymmatly tapyndylar bu gün muzeýlerimizde saklanylýar.
Öz taryhymyz bilen içgin tanyşmagyň iň ähmiýetli mesgeni — muzeýler. Şonuň üçin hem wagt-wagt çagalar, okuwçylar, talyplar bilen ýa-da maşgala bolup, muzeýlere aýlanýarys, taryha syýahat edýäris. Taryhy mesgenlere zyýarat edeniňde ýüregiňde döreýän duýgulary hut şu ýerde hem aýdyň duýup bolýar.
Müňýyllyklary gerdişinde goýup, biziň günlerimize gelip ýeten taryhy tapyndylary synlaýan mahalyň daşarky dünýäni doly unudyp, täsin duýgulara gaplanýarsyň. Ýanymyza ýoldaş bolup, her bir tapyndy hakynda taryhy hakykaty gürrüň berýän alymyň söhbetleri has täsirli ýaňlanýar. Bu zatlar hakynda onlarça kitap okalanam bolsa, akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň “Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen” diýen setirleri biygtyýar ýadyňa düşýär.
Muzeýlerimiz dürli taryhy gymmatlyklara baýdyr. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygy we onuň milli mirasymyzy, şöhratly taryhymyzy öwrenmek üçin döreden mümkinçiliklerinden başlanan ýolçulyk hakyky taryhyň jümmüşine sary uzap gidýär. Halkymyzyň baý taryhyny ädimme-ädim, ýylma-ýyl diýen ýaly teswirleýän ýazgylar gadymy tapyndylar bilen aýdyň görkezilýär. Mundan ýüzlerçe däl, müňlerçe ýyl ozal adam eli bilen ýasalan dürli gap-gaçlar, aw gurallary, öý-hojalyk esbaplary durşy-durky bilen täsinlik. Şol wagtky ýaşaýyş-durmuşynyň her bir pursadynyň panorama şekilinde berilmegi bolsa taryhy sahypanyň bir parçasyny hut şu ýerde ornaşdyrylan ýaly görkezýär. Bölümlerden bölümlere, ýyllardan ýyllara geçeniňde ýasalýan zatlaryň kämilligi adamzat durmuşynyň barha kämilleşýändiginiň subutnamasy bolup ýaňlanýar. Muňa garamazdan şol müňýyllyklarda hem iňňe, iňňebagjyk ýaly ýa-da saça dakylýan dürli bezeg şaýlarynyň bolmagy bu toprakda ýaşan eždatlarymyzyň özlerine serenjam bermek babatda akylly-başly häsiýetlere eýedigini görkezýär. Dürli nagyşlar, sekizburçluk şekilleri, möhürler täsinden täsin. Olar şeýle bir inçelik bilen sünnälenip ýasalypdyr welin hatda soňraky ýyllarda ýasalan käbir esbaplary, serişdeleri häzirki döwrüň ösen tehnikasy bilen ýasajak bolsaň hem ep-esli yhlas siňdirmeli boljakdygy düşnükli zat.
Muzeýe syýahat etmek bu taryhyň habaryny saklaýan zatlaryň huzuryna salama barmakdyr. Olar taryhyň hut özi. Olarda şol ýyllaryň we şonça ýyllaryň ruhy saklanýar. Olarda geçmişiň ýaňy bar. Şol täsir hem her barana, görene täsir edýär. Muzeýleriň beýleki mesgenlerden utýan tarapy bu ýerde ähli taryhy ýadygärliklerden tapylan gadymy gymmatlyklar bar. Hut şonuň üçin hem muzeýe aýlanmak, şol keramatly ýerleriň ählisine diýen ýaly zyýarat-syýahat etmekdir. Üstesine, bu ýerde özüňi gyzyklandyrýan her bir taryhy sowala degerli jogap tapyp bolýar. Her bir zady üns bilen synlaýarkaň, seriňde döreýän täze pikirler, ylma ymtylyşlar, maksada okgunly çemeleşmek, gözellige we sungata doly düşünmek islegi, mahlasy, geljegiňe degerli köpsanly pikirler seriňe hemra bolýar. Hem ruhy ylhamlar, hem baý taryhy maglumatlar bilim goruňy artdyrýar. Her bir taryhy gymmatlygyň örän gyzykly kyssasy, wakasy bar. Bu bolsa watansöýüjilik ruhy bilen ýaşaýan ýaşlara has uly täsir edýär.
Taryhy geçmişe gaýybana sapar-syýahat edenimizden soňra, muzeýiň bosagasyndan daşary ätleýäris. Bu ýerdäki gözel görnüş — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp keşbi taryhy täsirleriň derejesini has-da beýgeldip goýberýär.
Bu zatlaryň ählisiniň özeninde bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli we ruhy gymmatlyklarymyza goýýan beýik sarpasy hem-de eziz türkmen halkyna bolan belent söýgüsi bardyr. Biz — mugallymlar hormatly Prezidentimiziň beýik ýörelgesinden görelde alyp, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge öz goşandymyzy goşarys. Bizi beýik bagta ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Sähra BAÝRAMOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
“Nesil” gazeti,
13.02.2018ý.