TÄZE ÖSÜŞLERIŇ WE ÖZGERIŞLERIŇ ÝYLY

Golaýda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap komitetiniň bilelikde gurnamagynda Dänew etrap Medeniýet öýünde öňde baryjy ýaşlaryň gatnaşmagynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli «Täze ösüşleriň we özgerişleriň ýyly» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Duşuşykda çykyş edenler hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara hyzmatdaşlyk, parahatçylyk söýüjilik we dostluk-doganlyk ýörelgeleriniň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň özboluşly beýany bolup durýandygyny we halkara giňişligindäki wajyp orny barada belläp geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar dünýäde parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleriň esasynda ýurdumyzyň halkara giňişligindäki ornuny beýgeldýän, dünýäniň ösen döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, tutumly maksatlarynyň uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

 

Maýa BEŞIMOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

Guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölümini esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA SYÝASATY DABARALANÝAR

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA ARASSAÇYLYGY ÝURDUŇ BEZEGI

03 Iýun 2025 | 32 okalan

ÇAGA GÜLKÜSI – BAGT GÜLKÜSI