«ROWAÝATYM-TARYHYM»

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşi we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba-hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlar bilen bilelikde Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän Amul galasynda Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza baý taryhy durmuşyndan söz açýan “Hakyda göwheri” atly kitabynyň “Taryha syýahat” babyndan ugur alyp, ýaşlaryň arasynda milli medeniýetimizi, taryhy ýadygärliklerimizi giňişleýin düşündirmek maksady bilen ‹‹Rowaýatym-taryhym›› atly temada gezelenç geçirildi.

Gezelenjiň dowamynda döreýiş taryhy müňýyllyklara uzaýan hem-de «Amurt», «Çarjuý», «Çagryjoýa» ýaly atlary göteren Amul galasy güneşli Diýarymyzyň örän gymmatly genji-hazynasydyr. Halyçylyk, mata dokamak, külalçylyk, zergärçilik, demir işlemek, aýna ýasamak ýaly senetçiligiň dürli görnüşleriniň, ylymlaryň we bilimleriň, medeniýetleriň hem sungatlaryň ösen Eftaly, Garahanly, Gaznaly, Seljukly ýaly onlarça döwletleriň zamanynda — Gündogaryň we Günbataryň köp ýurtlaryna, ülkelerine uzan Beýik Ýüpek ýolunyň guryýer hem-de suw gatnawlarynyň çatrygynda ýerleşen Amul iri şäherleriň birine öwrülipdir. Kaşaň köşkleri, kerwensaraýlary, bazarlary, kitaphanalary, metjitleri bilen şöhrata beslenen Merw, Gürgenç, Nusaý, Abiwerd, Dehistan, Sarahs ýaly, Amul şäheri hem orta asyrlarda iri ylym merkezi hökmünde bütin Gündogara meşhur bolup, onuň çäginde medeniýete, ylma, edebiýata, sungata ägirt uly goşant goşan şahsyýetler kemala gelipdir. Biziň kökleri müňýyllyklara uzaýan maddy we ruhy mirasymyz, taryhy-medeni ýadygärliklerimiz, asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip, kämil derejä ýetirilen baý medeniýetimiz bu gün halklary birek-birek bilen ýakynlaşdyrýan gymmatlyklar hökmünde örän uly ähmiýete eýe bolýar.

Gezelenç çäresine gatnaşyjylar milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmeklige, geçmiş taryhymyzy içgin öwrenmeklige giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreklerden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Laçyn AKYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Türkmenabat şäher Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA SYÝASATY DABARALANÝAR

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA ARASSAÇYLYGY ÝURDUŇ BEZEGI

03 Iýun 2025 | 32 okalan

ÇAGA GÜLKÜSI – BAGT GÜLKÜSI