Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň gurnamagynda, Saýat etrabynyň 62-nji orta mekdebiniň kitaphanasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peder ýoluny dowam edip ýazan nobatdaky eseri «Magtymguly-dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi.
Dabarada çykyş edenler täze kitabyň mazmuny bilen tanyşanyňda, onda Magtymgulynyň edebi mirasynyň, dünýä edebiýatyna goşan ägirt uly goşandynyň, şeýle hem gazanylan üstünlikleriň jeminiň jemlenendigine aýdyň göz ýetirmek bolýar diýip belläp geçdiler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ajaýyp täze kitaby ýaş nesillerimize edep-terbiýe bermekde uly gollanma bolýar diýip belläp geçdiler.
Dabaranyň ahyrynda bolsa biz ýaşlara ajaýyp eserleri peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.
Nursoltan MAKSUDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Saýat etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.